“IvyPanda” atly düzme bäsleşigi

English
Möhleti
31.05.2021
Arza göýbermek

“IvyPanda.com” her ýyl orta mekdep, kollej we uniwersitet okuwçylar we talyplar üçin düzme ýazmak endiklerini ýokarlandyrmak we pul baýraklaryny gazanmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Bäsleşikde 1-nji ýer gazanan ýeňiji 1000 $ baýragyny alar, 2-nji ýer gazanan 500 $ baýragyny alar.

Düzmäniň mowzuklary:

– The Impact of COVID-19 on Education

– Socializing Safely During the Pandemic

– What COVID-19 Has Taught Us About Environmental and Energy Consciousness

Ähli talaplar web-sahypada bellenilen: : https://ivypanda.com/scholarship-writing

 

Talaplar:

– gatnaşyjylar okaýan ýerinden okuw şahadatnamasyny almaly;

– gatnaşyjylar sosial mediada (Facebook, Twitter, Instagramm) “IvyPanda” hasaplaryna  ýazylmaly, şeýle-de hem bu hasaplaryň sahypalarynda ýerleşdirilen bäsleşigi beýan edýän neşire like goýmaly we paýlaşmaly.

Düzme indiki düzgünlere gabat gelmeli:

  • 500-700 sözden ybarat bolmaly (ady we bibliografiýasy hasaba alynmaly däl);
  • iňlis dilinde bolmaly;
  • göçürmä garşy barlagdan geçmeli (100% unikallyk);
  • Formady .doc ýa-da .docx bolmaly;
  • bibliografiýanyň stili MLA bolmaly.

Düzme üçin formanyň talaplary: https://ivypanda.com/blog/wp-content/uploads/2020/01/Essay-Formatting-Requirements-IP-ESSAY-CONTEST.pdf

  • Çeşme sanawynda üç ýa-da has köp çeşmä salgylanmaly.
  • Faýlyň ady [IvyPanda Writing Contest_Familiýaňyz] bolmaly.

Möhüm seneler:

Düzmäniň kabul edilýän döwri: 2021-nji ýylyň fewral aýynyň 1-den – 2021-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne çenli.

Baha berilýän döwri: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 1-den -30-na çenli

Ýeňijileriň bildirişi: 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 1-i

Has giňişleýin maglumat üçin: https://ivypanda.com/scholarship-writing