ABŞ-nyň Ball Döwlet Uniwersiteti tarapyndan talyp haklar (bakalawr dereje)

English
Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Ball döwlet uniwersiteti bakalawr derejesi üçin arza tabşyrýan daşary ýurtly talyplar üçin YouAreWelcomeHere atly talyp hakyny hödürleýär. Talyp hakynyň mukdary 14,000 $ (semestr (ýarym ýyllyk) üçin 7000 $), täzelenip bilner we ortaça bahanyň (GPA) azyndan 2,5 / 4.0-den ýokary bolmagy şerti bilen iň köp 4 ýyla berilýär. Arzaňyz liderlik häsiýetleriňizi beýan edýän düzmeden ýa-da wideodan ybarat bolmaly.

Kriteriýalar:

– daşary ýurtly talyplar (ABŞ-nyň raýatlary ýa-da hemişelik ýaşaýjylary däl);

– dalaşgär uniwersitetiň bakalawr derejesiniň doly okuwyna arzany tabşyrmaly;

– talyp hakyny dowam etdirmek üçin her semestrde (ýarymýyllykda) iň az 2,5 bal (GPA) gazanmalydyr.

Arza bermek prosesi:

– mekdepde ýa-da jemgyýetde liderlik üstünliklerini, şeýle hem geljek üçin meýilnamalary we Ball uniwersitetinde bu endikleri ulanmagy beýan edýän gysga bir düzme ýa-da wideo iberiň.

Arza portaly:

https://federate.bsu.edu/adfs/ls/?SAMLRequest=pZLLTsMwEEV%2FJfI%2BcZy0iFptpdLyqFTaihYWbJDrTIolxy4em8ffYxKeC9iwseTx3DtzxjNE0egDnwR%2Fb67gIQD65LnRBnn7MCLBGW4FKuRGNIDcS76ZXC54keX84Ky30mryTfK3QiCC88oaksxnI7Jani5W5%2FPl3a4%2BhnLQ76WyLIu0dzRgqSihTPN%2B2e8N8gGTxxVJbsBh1I5ItIoGiAHmBr0wPobygqV5Ly3Ytig5Y5zltySZRR5lhG9V994fkFNaQwVOeMh2GDKoAhVVjVQjJcn6nehEmUqZ%2Fd8wuy4J%2BcV2u07Xq82WJJMPwKk1GBpwG3CPSsL11eKrARV7dv6zfHel0hrvrNYRknaRzdt5avbKQCbrhoyHbxPmLbgb%2F9NtSL%2BbDbs9WEbI%2BWxttZIvyZl1jfC%2Fz4BlrI2oKq3bVB4MHkCqWkH8rYnW9mnqIE56RLwLQBI67qr%2BXLjxKw%3D%3D

Arza bereniňizde maslahatlar:

Şahsy maglumat boýunça maslahatlar:

Şahsy maglumatda bilim gyzyklanmalaryňyzy, üstünlikleriňizi, akademiki işleriňizi, jemgyýetde gatnaşygyňyzy, iş tejribäňizi we baýraklaryňyzy görkezip bilersiňiz.

Düzme ýazmak boýunça maslahatlar:

Şahsy maglumatlar size näme edýändigiňizi aýdýar we bir düzme şahsyýetiňizi häsiýetlendirýär. Talyp hakyna näme üçin dogry dalaşgärdigiňizi okyjylara ynandyryň.

Hödürleýiş haty boýunça maslahatlar:

Hödürleýiş hatlary şahsy maglumaty we düzmäni doldurýar. Gowy maslahat haty üstünlikleriňizi we sizi özboluşly edýän häsiýetleriňizi suratlandyrýar. 

Hemaýatkäriňize sag bolsun aýdyň.

Talyp haky hünäriňizi başlamak üçin iň gowy mümkinçilikdir, şonuň üçin hemaýatkäre sagbolsun aýtmak minnetdarlygyňyzy görkezmek ajaýyp usulydyr.

Arza tabyrmagyň möhleti: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 1-i.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.bsu.edu/admissions/financial-aid-and-scholarships/types/scholarships#accordion_youarewelcomeherescholarship