Açyk gapylar güni: Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Başlaýan wagty
11.05.2021

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2021-nji ýylyň 11-12-nji maýynda sagat 15:00-da orta we hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin “AÇYK GAPYLAR” gününi geçirýär.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdymsaz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat  şäheriniň 1972-nji (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 48-62-31; +99312 48-62-33; +99312 48-62-29.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-turkmen-dowlet-ykdysadyyet-we-dolandyrys-instituty/