Açyk gapylar güni: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty

Başlaýan wagty
08.05.2021

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryny, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden we beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşadyljak harby gullukçylary (esgerler), edarakärhanalarda işleýän ýaşlary 2021-nji ýylyň 8-nji we 15-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GA­PY­LAR» gününe çagyrýar.

 «Açyk gapylar» gününde ýaşlara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, institutda taýýarlanylýan hünärler, institutyň okuw binalary, barlaghanalary, kitaphanalary we institutda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyşdurmuş şertleri barada gi­ňişleýin maglumat berler.

Sal­gysy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­by­nyň Se­na­gat kö­çe­si­niň 51-nji ja­ýy.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon­ belgileri: +99312 33-52-33; +99312  39-26-20.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-turkmenistanyn-inzener-tehniki-we-ulag-kommunikasiyalary-instituty/