Açyk Gapylar : Halkara gatnaşyklary instituty

Başlaýan wagty
05.05.2021

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2021-nji ýylyň 5-nji maýynda sagat 15:00-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we biziň institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän raýatlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar «Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen, şeýle hem “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy” muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi hem-de Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaş­mak üçin telefonlar: 22-02-63; 22-68-45.

Maglumat almak üçin institutyň web-saýty: www.iirmfa.edu.tm

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-halkara-gatnasyklary-instituty/