Şanhaý hökümet talyp haky (Bachelor/Masters/PhD)

Möhleti
15.05.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

2021/2022 okuw ýyly üçin Şanhaý hökümet talyp haky üçin arza tabşyryş açyk diýip yglan edildi. Talyp haky bakalawr, magistratura, aspirantura derejeleri üçin daşary ýurtly talyplara berilýär.

Talyp haky şulardan ybarat bolýar: uniwersitet şäherçesindäki okuw we ýaşaýyş jaý tölegleri, saglyk ätiýaçlandyryşy we aýlyk ýaşaýyş çykdajylary (Doktorlyk derejesi: 3500 RMB, magistratura: 3000 RMB, bakalawr programmasy: 2500 RMB).

Ýeterli derejede HSK synagynyň şahadatnamasy bolmadyk bakalawrlar, doly talyp haky bilen hytaý dilini öwrenmek üçin kollejiň taýýarlyk maksatnamasyna arzalaryny tabşyryp bilerler. Taýýarlyk maksatnamasyndan soň HSK synagynyň netijeleri ýeterli derejede bolmasa, okuw dil kurslary bilen dowam eder.

Kriteriýalar:

1) Saglyk ýagdaýy gowy bolan daşary ýurtly raýatlar.

2) Bilim we ýaş çäklendirmeleri:

  • Taýýarlyk maksatnamasyna arzalaryny tabşyrýan dalagärlerde orta mekdep barada şahadatnama bolmaly we dalaşgär 23 ýaşdan kiçi bolmaly.
  • Bakalawr derejesine arzalaryny tabşyrýan dalagärlerde orta mekdep barada şahadatnama bolmaly we dalaşgär 23 ýaşdan kiçi bolmaly.
  • Magistratura arzalaryny tabşyrýan dalagärlerde bakalawr derejesiniň diplomy bolmay we dalaşgär 35 ýaşdan kiçi bolmaly.
  • Doktorlyk derejesine arzalaryny tabşyrýan dalagärlerde magistr derejesiniň diplomy bolmaly we dalaşgär 40 ýaşdan kiçi bolmaly.

3) Hytaýyň hökümeti tarapyndan ýa-da beýleki guramalar tarapyndan hödürlenýän talyp haklaryny alan talyplar bu maksatnama arzalaryny tabşyryp bilmeýärler.

Talyp akynyň 2 görnüşi bar:

1) Doly stipendiýa:

  • Mugt okuw;
  • Uniwersitet şäherçesinde mugt ýaşaýyş jaýy;
  • Aýlyk stipendiýa:

Bakalawr: 2500 RMB

Magistr derejesi: 3000 RMB;

Doktorlyk derejesi: 3500 RMB.

2) Bölekleýin stipendiýa:

  • Mugt okuw;
  • Lukmançylyk ätiýaçlandyryşy.

Gerekli resminamalar:

  1. ECNU halkara talyplary üçin ýüztutma

Arzany doldurmak üçin lxsapply.ecnu.edu.cn onlaýn ulgamyna giriň.

  1. Orta bilim barada şahadatnama.

Şahadatnamanyň iňlis ýa-da hytaý diline terjime edilen notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy.

Uçurymlar gutardyş şahadatnamasyny bermeli. Dereje şahadatnamasyny almak üçin çak edilýän wagt 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 31-den ir tabşyrylmaly we hasaba alyş ulgamyna ýüklenmelidir.

  1. Iňlis ýa-da hytaý diline terjime edilen akademiki ýetişgenligi barada şahadatnama.
  2. Dil bilýänligi barada şahadatnama.

Hytaý dilinde okadylýan maksatnamalar üçin: HSK şahadatnamasynyň nusgasy. Her bir hünär üçin zerur HSK derejesini barlamak zerurdyr.

Iňlis dilinde okadylýan maksatnamalar üçin: IELTS (azyndan 6.0) / TOFEL (azyndan 80) / Cambridge English şahadatnamasy ( azyndan B2).

  1. Höweslendiriş haty (500-800 söz). Hytaý dilinde okadylýan maksatnamalar üçin dalaşgärler hytaý dilinde ýazmaly.
  2. Pasportyň nusgasy.
  3. 18 ýaşa ýetmedik dalaşgärler üçin hossardan kepillik haty talap edilýär.

Talyp haky maksatnamalary üçin zerur resminamalar:

  1. Saglyk ýagdaýy barada şahadatnama.

Lukmançylyk gözden geçiriş hasabatynda (Foreigner Physical Examination Form) görkezilen ähli maddalary we gan barlagynyň doly hasabaty bolmaly.

  1. Jenaýat ýazgysynyň ýokdugy barada kepilnama (iňlis ýa-da hytaý dilinde notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy).

Arza bermek prosesi:

1) Anketany dolduryň: http://lxs.ecnu.edu.cn/EN/list.php?id=10

2) Halkara talyplar üçin ECNU onlaýn anketa giriň: http://lxsapply.ecnu.edu.cn/. Onlaýn anketany hasaba alyň we tabşyryň. Arza resminamalaryňyzy ýükläň we 800 RMB hasaba alyş tölegini onlaýn ýagdaýda töläň. Töleg yzyna gaýtarylmaz.

3) Söhbetdeşligi geçiň.

Habarnamany alanyňyzdan soň söhbetdeşligi geçiň. Takyk wagt e-mail bilen görkezilýär. E-mail salgyňyzyň dogrudygyna göz ýetiriň.

4) Arzaňyzyň ýagdaýyny onlaýn ýagdaýda yzarlaň.

Maksatnamanyň ýagdaýyny barlamak üçin e-mail-yňyzy barlaň ýa-da ECNU hasabyňyza onlaýn giriň.

5) Uniwersitete giriş.

Netijeleri hasapdan öwrenip bilersiňiz. Talyplar kabul edildigi barada hatda görkezilen senede hasaba alynmaly we okuwy gutarandan soň orta bilimiň asyl şahadatnamasyny ibermeli. Gerekli resminamalar bolmasa arzaňyz ret ediler.

Has giňişleýin maglumat üçin: http://lxs.ecnu.edu.cn/EN/msg.php?id=3

Tabşyryş möhleti: 15-nji maý

Çeşme: http://lxs.ecnu.edu.cn/EN/msg.php?id=35