Açyk gapylar güni: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty

Başlaýan wagty
05.05.2021

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2021-2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin şu ýylyň 5-nji we 12-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryňguralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar, internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyňçykyşlary, sport toplumynyňişi, talyplaryňýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-18-53, 28-18-05.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-turkmen-dowlet-binagarlik-gurlusyk-instituty/