Açyk gapylar güni: Türkmen milli dünýä dilleri instituty

Başlaýan wagty
05.05.2021

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2021—2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 5-nji maýynda sagat 15.00-da «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmakda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrylar. Ýaşlara şol günlerde okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

 

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-84-33; 36-90-83

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-turkmen-milli-dunya-dilleri-instituty/