Peter Drucker Challenge halkara düzme bäsleşigi

English
Möhleti
07.06.2021
Arza göýbermek

Esasy baýrak: 1500 €, Wenadaky Peter Drucker forumyna gatnaşmak (2021-nji ýylyň 17-18-nji noýabry)

Halkara Peter Drucker Challenge – Peter Drucker pelsepesini ýaş nesilleriň aňynda saklamagy maksat edinýän özboluşly bäsdeşlikdir.

2021-nji ýyldaky bäsleşigiň mowzugy “Krizis dolandyryjydan näme talap edýär?”

Gatnaşanlaryň ýaşy – 18-35 ýaş aralygy, düzmäniň dili iňlis dilidir.

Düzme talaplary:

Talyp ýa-da hünärmen hökmünde gatnaşmak üçin bir düzme iberip bilersiňiz (arzada esasy hünäriňizi görkeziň).

Talyplaryň kategoriýasy:

  • Siz doly ýa-da doly däl okuwyň talyby (bakalawr, magistr, MBA ýa-da PhD) ýa-da ýaňy-ýakynda gutaran uçurym bolmaly.

Hünär kategoriýasy:

Siz:

  • işgärler, taslamalar, maliýe we / ýa-da käbir işler boýunça dolandyryjy
  • telekeçi ýa-da tajirçilik bilen meşgullanýarsyňyz
  • ygtyýarly hünärmen
  • jemgyýetçilik meýletinçisi ýa-da jemgyýetiň ýolbaşçysy.

Düzmäniň formaty:

Eserler PDF ýa-da Word görnüşinde (bellikleri we islendik grafikany hasaba almazdan)1500 bilen 3000 söz arasynda bolmaly;

Şriftiň ululygy – 12;

Dili – iňlis.

Giriş möhleti: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 7-i, 16:00 CET (16:00 CET).

Anonimlik: Eseriňizde adyňyz görkezilmeli däldir.

Aýratynlyk: arzany diňe özüňiz tabşyrmaly (toparlaýyn däl), eser diňe bu bäsleşik üçin bolmaly we başga bir ýerde çap edilmeli däldir.

Düzmäni ibermek üçin: http://www.druckerchallenge.org/submission/

Giriş möhleti: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 7-i

Has giňişleýin maglumat üçin: http://www.druckerchallenge.org/home/