Şwesiýada MBA derejesini okamak üçin talyp haky.

Möhleti
18.06.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Stokgolm Ykdysadyýet mekdebi (Stockholm School of Economics ) 2021-nji okuw ýyly üçin ähli daşary ýurtly talyplara MBA talyp hakyny hödürleýär. Stokgolmyň Ykdysadyýet mekdebi (Stockholm School of Economics ) başarnygyňyzy we bilimiňizi ýokarlandyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik hödürleýär. Talyp haky maksatnamasynyň dowamlylygy 18 aý.

Talyp hakyny gazanmak üçin 180 sany ýokary bilim kreditine laýyk gelýän akademiki dereje, azyndan bäş ýyl iş tejribesi, iňlis dilini gowy bilmek we bu derejäni almakda sizi goldaýan iş berijiniň bolmagy zerur. Öňki ýyllarda talyp hakyna arzany tabşyryp, ony gazanmadyk bolsaňyz, gaýtadan arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz.

Kriteriýalar:

  • Arzalar dünýäniň ähli künjeginden kabul ediler.
  • Talyp haky diňe MBA üçin elýeterlidir, şonuň üçin arza laýyk bolmaly.
  • Dalaşgäriň öňki derejesi azyndan üç ýyl akademiki derejesi we azyndan bäş ýyl iş tejribesi bolmaly.
  • Iňlis dilini gowy bilmeli.
  • Daşary ýurtly talyplar üçin niýetlenendir.

Artykmaçlygy:

  • 495,000 SEK tölegden ybarat bolýan mugt bilim + Stokgolm Ykdysadyýet mekdebiniň (Stockholm School of Economics ) Executive MBA maksatnamasy boýunça Goşulan baha üçin salgytyň tölegi ödenýär.

Arza bermek prosesi:

12-15 dalaşgär doly anketany tabşyrmaly, 5-7 sany finalçy Dagens Industri, utbildning.se we Stokgolm Ykdysadyýet mekdebiniň wekillerinden düzülen emin tarapyndan söhbetdeşlik geçirilýär. Emin agzalary talyp hakynyň eýesini saýlaýarlar.

Onlaýn arza: https://campaign.bbmbonnier.se/MBA-stipendiet-2021

Tabyryş möhleti: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 18-i

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.utbildning.se/inspiration/guider/allt-om-mba/mba-scholarship-15219