Açyk gapylar: Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Başlaýan wagty
19.05.2021

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi şu ýylyň 19-njy maýynda sagat 14.00-da 2021 — 2022-nji okuw ýylynda okuwa girmek isleýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada “Mugallymlar gazeti” gazetinde bildiriş çap edildi.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlara hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada alyp barýan özgertmelerine laýyklykda, Mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumatlar berler.

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 124-nji jaýy.

Telefon belgileri: 90-62-04; 90-63-96.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-aman-kekilow-adyndaky-mugallymcylyk-mekdebi/