Açyk Gapylar güni: Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi

Başlaýan wagty
15.05.2021

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2021 — 2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň we başlangyç hünärment mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary şu ýylyň 15-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.

Bu çärä gatnaşan ýaşlara mekdepde okuwlaryň guralyşy, okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeniköpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumatlar berler.

“Açyk gapylar” güni görkezilen salgyda sagat 14:00-da başlanýar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýolunyň 10-njy jaýy. Telefonlar: 28-14-56; 28-20-04; 28-07-74

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-asgabat-gurlusyk-orta-hunar-okuw-mekdebi/