Açyk Gapylar güni: Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi

Başlaýan wagty
12.05.2021

Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi 2021 — 2022-nji okuw ýylynda orta hünär okuw mekdebinde okamaga isleg bildirýän orta mekdepleriň, başlangyç hünärment mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary şu ýylyň 12-nji maýynda sagat 15.00-da geçirilýän «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada Mugallymlar gazetinde habar berilýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. Şeýle hem özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap alyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Kemine köçesiniň 84-nji jaýy.

Telefonlary: 94-31-47; 94-31-27.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-demir-yol-ulaglary-orta-hunar-okuw-mekdebi/