Açyk Gapylar güni: Telekommunikasiýalar we informatika instituty

Başlaýan wagty
14.05.2021

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty şu ýylyň 14-nji maýynda sagat 15.00-da 2021—2022-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar. Bu barada Mugallymlar gazetinde habar berilýär.

Şol günlerde ýaşlar institutda okuwlaryň guralyşy, tejribehanalarda geçirilýän işler, şeýle hem ýokary okuw mekdebinde we onuň ýanyndaky «Infokommunikasiýa» başlangyç hünär okuw mekdebinde hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary (hünärleri), okamak isleýän ýaşlara bildirilýän talaplar, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri, olaryň hukuklary we borçlary bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň salgysy:

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 68-nji jaýy.

Habarlaş­mak üçin telefon belgisi: 94-03-38.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-telekommunikasiyalar-we-informatika-instituty/