Açyk gapylar: Türkmen döwlet medeniýet instituty

Başlaýan wagty
12.05.2021

Türkmen döwlet medeniýet instituty 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR»

gününi geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürmek baradaky Kararlarynyň durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamyndaky okuw-usulyýet, ylmy-barlag, medeni-köpçülik işleri, institutda öwredilýän hünärler, okatmagyň usullary, häzirki zaman aýratynlyklary, milli sungatyň, medeni mirasymyzyňçuňňur öwredilişi we talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

 

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň 114-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 48-11-30; 48-10-99.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-turkmen-dowlet-medeniyet-instituty/