IV-Young Professional Fellowship-Özbegistan 2021

Möhleti
28.05.2021
Arza göýbermek

Young Professional Fellowship-Özbegistan 2021 maksatnamasy 16 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar üçin niýetlenendir. Bu maksatnama, medeniýetler arasyndaky alyş-çalyş, gözleg, liderlik häsiýetleri ösdürmek we ýaşlary güýçlendirmek meselesine gönükdirilendir.

Young Professional Fellowship maksatnamasy Türkiýede we Maldiw adalarynda uly üstünlikler gazandy we dünýädäki ýaş liderler üçin maksatnamalary hödürlemegini dowam etdirýär. 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 1-den 4-ne çenli Özbegistanda bu maksatnama gatnaşmak üçin arzaňyzy tabşyryň.

Mowzuklar:

  • Global Economy After COVID-19
  • Mental Health; The Next Pandemic ?
  • No Poverty, A unsolved Dilemma

Maksatnama tamamlanandan soň, gatnaşyjylar ykdysady şertler, gymmatyň ýokarlanmagynyň we käbir harytlaryň sandan çykmagyna, ykdysadyýete täsiri barada giňişleýin bilim alarlar. Mundan başga-da, COVID 19 döwründe karantinanyň tutuşlygyna ykdysadyýete täsirini we munuň walýutanyň bahasynyň üýtgemegine nädip sebäp bolandygyny öwrenerler.

Ikinji mowzuk barada aýdylanda bolsa, akyl saglygynyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşykly meselelere köp üns berler. Pandemiýanyň köp akyl zeper ýetirendigi sebäpli, gatnaşyjylar psihologiki ýagdaýy nädip ýokarlandyrmalydygy barada maglumatlary alarlar.

Üçünji mowzuk boýunça, gatnaşyjylara Durnukly ösüş maksatlary boýunça deslapky syn geçiriler we munuň dünýäde durnukly ösüşe nädip alyp barjakdygy barada maglumat beriler. Mundan başga-da, Durnukly ösüş maksatlary 1 düýbi boýunça goşmaça sapaklar bolar, ýagny garyplyga garşy hereketler barada gürrüňdeşler geçer. Garyplyk çäginden aşakda ýerleşýän ýurtlaryň sanyna we gowşak sosial derejäniň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin nähili çäreler görüljekdigine uly üns berler.

Doly maliýeleşdirilýän gatnaşyjylar aşakdaky aýratynlyklara eýe bolarlar:

  • Iki taraplaýyn uçuş peteginiň tölegi (Ekonom klas);
  • Zähmeti üçin baýraklar;
  • Mugt ýaşaýyş jaýy;
  • Şahadatnama;
  • Mugt iýmitlenme;
  • Gatnaşyjy üçin zerur zatlar toplumy;
  • Gezelençler;
  • Medeni agşam dabarasy;
  • Baýramçylyk oturylyşygy.

Kriteriýalar:

  • 16 ýaşdan 35 ýaş aralygy ähli ýurtlaryň ýaşlary bu maksatnamada gatnaşyp bilerler. UNSDG-ä gatnaşmak üçin ýokary islegiňiz bolmaly.
  • Jemgyýetçilik üýtgemelerine isleg bildirmeli.
  • Islendik derejedäki jemgyýetçilik / bilim çärelerine gatnaşmak.
  • Jemgyýetçilik tejribesi bolmadyk höwesli ýaşlar hem arzalaryny tabşyryp bilerler, ýöne jemgyýetçilik üýtgemelerine bolan garaýyşlaryny beýan etmelidirler.
  • IELTS / TOEFL şahadatnamalaryň bolmagy zerur däl.

Arza bermek prosesi:

  1. Arza tölegi ($ 32.2), PayPal töleg usuly:

https://www.cognitoforms.com/MAPS14/ApplicationFeeIVYPFUzbekistan21

Eger-de tölegi başga şekilde geçirmek isleseňiz, friendship@mapsypf.org salgy boýunça habarlaşyň.

  1. Arzany dolduryň.
  2. Tölegiň kwitansiýasyny ýükläň.
  3. Arzany tabşyryň we täzelikleri yzarlaň.

Doly / bölek maliýeleşdirilýän kategoriýada saýlanmadyk bolsaňyz näme etmeli?

Özbaşdak maliýeleşdirilýän sanawa girmek üçin bir mümkinçilige gatnaşyp bilersiňiz. IV-YPF’21 özbaşdak maliýeleşdirmek üçin 70 ýer aýyrdy we aşakdakylardan ybarat bolýar:

  • Çakylyk
  • Gatnaşyjy üçin zerur zatlar toplumy
  • Çärelere gatnaşmak
  • Aragatnaşyk agşama gatnaşmak
  • Ekskursiýa

Bu kategoriýanyň ÖZBAŞDAK MALIÝELEŞDIRILÝÄN boljakdygyny we ähli çäreleri syýahat hyzmatdaşy dolandyrjakdygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Hasaba alyş tölegini tölänsoň näme bolar?

I ädim:

Hasaba alyş tölegini töläniňizden soň, kwitansiýaňyzy we töleg amallaryňyzyň jikme-jikliklerini saklaň we anketa bilen bilelikde ýükläň.

II ädim:

Anketany açyň we töleg we beýleki talap edilýän resminamalar bilen maksatnama arzaňyzy tabşyryň.

III ädim:

Tölegi tassyklandan soň kabul ediş topary baha bermek üçin arzany MAPS Head Quarters  iberer. Tölegiňiz dogry bolsa, kabul ediş topary bilen habarlaşmagyň zerurlygy ýok. Bu bir guramadaky bölümlerden ybarat bolýan awtomatiki proses.

IV ädim:

2021-nji ýylyň iýun aýynyň 10-da MAPS topary 10 sany doly maliýeleşdirilen we 20 bölekleýin maliýeleşdirilen gatnaşyjyny we 70 özbaşdak maliýeleşdirýän okuw hepdesi üçin Özbegistana gitjek gatnaşyjylary saýlar.

Taşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň maý aýynyň 28-i (23.59 ABŞ-nyň wagty bilen).

Gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlik: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 4-i we 5-i

Netijeler: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 10-y.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.cognitoforms.com/MAPS14/ivyoungprofessionalfellowshipuzbekistan21

Email: fellowship@mapsypf.org