King Abdulaziz University tarapyndan doly talyp haky (2022). (bakalawr, magistr, PhD.)

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

King Abdulaziz adyndaky talyp haky bakalawr, magistratura we PhD derejeleri boýunça bilim almak üçin doly talyp hakydyr. Talyp haky maksatnamasy döwründe ähli çykdajylar ödener. Maksatnamanyň portaly açyk we arzalary kabul edýär.

Arzany tabşyrmak üçin hiç hili töleg talap edilmeýär. Bu talyp haky tebigy ylymlar, inženerçilik, ynsanperwer  ylymlar, sungat, tehnologiýa, işewürlik administrirleme, kompýuter inženerligi ýaly ähli ugurlar boýunça berilýär.

KAU talyp hakynyň dowamlylygy:

– Bakalawr: 4 ýyl

– Magistratura: 2 ýyl

– Ph.D.: 3 ýyl

Artykmaçlyklary:

– Aýlyk stipendiýa

– Ylmy kömekçiler üçin aýlyk stipendiýa (Talyp bilen dekanatyň arasynda şertnama baglanyşyp diňe bir semestriň dowamynda berilýär. Iki tarap ylalaşyp bilse, şertnama uzaldylyp bilner).

– Okuwyň başy üçin stipendiýa.

– Saglyk ätiýaçlandyryşy.

– Mugt ýaşaýyş jaýy.

– Iýmit üçin pul kömegi.

PhD.  derejesi üçin 4,000 rial möçberinde dissertasiýa stipendiýasy, magistrlar üçin 3000 rial berilýär.

– Kitap neşir etmek üçin 2700 rial möçberinde pul destegi (okuwy gutarandan soň).

– Her ýyl uçuş peteginiň tölegi.

Bakalawr derejesiniň ugurlary:

– Sungat we ynsanperwer ylymlar

– Ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti

– Hukuk

– Tebigat ylymlary fakulteti

– Aragatnaşyk we metbugat fakulteti

– Ekologiki ulgamyň ösüşi

– Deňiz ylymlary fakulteti

– Gurak ýerlerde meteorologiýa, daşky gurşaw we oba hojalygy

– Inženerlik

– Geologiýa fakulteti

– Informatika we maglumat tehnologiýasy fakulteti

– Informatika we maglumat tehnologiýalary fakulteti (AL Faýsalýa filialy)

– Ylym fakulteti (AL Faýsalýa filialy)

– Sungat fakulteti (AL Faýsalýa filialy)

– Sungat we dizaýn kolleji

– Deňiz gözlegleri

– Täjirçilik fakulteti (Rabigh filialy)

– Inženerlik fakulteti (Rabigh filialy)

– Informatika we maglumat tehnologiýasy fakulteti (Rabigh filialy)

– Sungat fakulteti – (Rabigh filialy we ylym kolleji)

Bakalawr dalaşgärleri üçin talaplar:

– Özüni göreldeli alyp barmaly.

– Orta mekdep şahadatnamasy ýa-da şoňa meňzeş.

– Şahadatnama 3 ýyldan köp bolmaly däldir.

– Bakalawr derejesini almak arzalaryny tabşyrýanlaryň ýaşy 17-25 ýaş aralygy bolmaly.

– Zenan talyp hemişelik ýaşaýyş rugsady bar bolan garyndaşy bilen bolmaly.

– Talyplar giriş talaplaryna laýyk gelmelidir.

Magistratura we aspirantura girmek üçin talaplar:

– Magistr üçin 30 ýaşa çenli we PhD üçin 35 ýaşa çenli bolmaly.

– Talyplar ajaýyp akademiki görkezijileri bilen öz ýurtlarynda ykrar edilen kärine eýe bolmalydyrlar.

– Iňlis dilini bilýändigini tassyklaýan şahadatnama.

– Iki sany hödürleýiş haty.

– Talyp Saud Arabystanynyň bilim edaralarynyň birinden çykarylmaly däldir.

– Arap dili we edebiýaty, Yslam kanunlary we gözlegleri, sosiologiýa, psihologiýa, kompýuter ylymlary programmalaryna dalaş edýänler arap dilini ýokar derejede bilmeli.

Gerekli resminamalar:

– Arza berijiniň CV-sy.

– Yslam okuwlaryndan we arap dilinden başga ähli ugurlar üçin iňlis dilinde niýet beýany.

– Orta mekdep şahadatnamasynyň göçürmesi (Saud Arabystanyň Ilçihanasy tarapyndan tassyklananmaly).

– Akademiki görkezijileri barada kepilnamanyň göçürmesi (Saud Arabystanyň Ilçihanasy tarapyndan tassyklananmaly ).

– Iňlis dilini bilýändigi barada şahadatnama (IELTS-5; TOEFL-500 PBT; TOEFL-61 IBT).

– Mundan öň okadan professorlardan/ mugallymlardan 2 sany hödürleýiş hatlar.

– Iň azyndan bir ýyl möhleti pasportyň göçürmesi.

– Özüni göreldeli alyp barmaly we lukmançylyk talaplaryna laýyk gelmeli.

Derejeler boýunça talaplar:

Bakalawr: https://outadmission.kau.edu.sa/

Magistratura/aspirantura: https://dsa-scholarships.kau.edu.sa/Content-211995-EN-267080

Arza tabşyryşyň belli bir möhleti ýok. Islendik wagtda arzaňyzy tabşyryp bilersiňiz.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://dsa-scholarships.kau.edu.sa/Content.aspx?Site_ID=211995&lng=EN&cid=267119&UrlSer=1