Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy talyp haky maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar JAPANESE GOVERNMENT (MEXT) SCHOLARSHIP FOR 2022 (bakalawr, magistratura, aspirantura derejeleri)

Möhleti
31.05.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2022-nji ýyl üçin daşary ýurt raýatlaryny döwlet talyp haky okuw maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar:

  • ” Gözlegçi-talyp ” (aspirantura);
  • “Talyp” (bakalawr),
  • “Tehnologiýa kollejiniň talyby” (hünär bilimi);
  • “Ýöriteleşdirilen bilim kollejiniň talyby” (hünär okuw jaýynyň derejesi).

Şertler: 1997-nji ýylyň aprel aýynyň 2-den soň doglan, 12 ýyllyk mekdep bilimini ýa-da şuňa meňzeş bilimi alan adamlar (häzirki wagtda uçurym  bolýanlara hem degişli) bu maksatnama gatnaşyp bilerler.

Maksatnamanyň beýany: Tokionyň diller merkezindedaşary ýurtly talyplar üçin ýapon dili boýunça zerur bir ýyllyk okuw. Soňra olar ýokary okuw jaýyna girip bilerler. Okuw 5 ýyl dowam edýär (lukmançylyk, stomatologiýa, weterinariýa we farmasewtika – 7 ýyl), emma okuwdan soňra magistratura ýa-da aspirantura giren talyplar okuwyny dowam edip bilerler.

Bakalawr derejesi barada has giňişleýin maglumat almak üçin: https://www.studyinjapan.go.jp/en/smap-stopj-applications-undergraduate.html

2022-nji ýylyň ” Gözlegçi-talyp ” (aspirantura) derejesi barada has giňişleýin maglumat üçin: https://www.studyinjapan.go.jp/en/smap-stopj-applications-research.html

2022-nji ýylyň “Tehnologiýa kollejiniň talyby” (hünär okuwy) barada has giňişleýin maglumat üçin: https://www.studyinjapan.go.jp/en/smap-stopj-applications-technology.html

2022-nji ýylyň “Ýöriteleşdirilen bilim kollejiniň talyby” (hünär okuw jaýynyň derejesi) barada has giňişleýin maglumat üçin: https://www.studyinjapan.go.jp/en/smap-stopj-applications-specialized.html

Maksatnamanyň şertlerini üns bilen okanyňyzdan soň, dalaşgärler resminamalary 2021-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne  çenli Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna tabşyryp bilerler.

Ýeri: ilçihananyň web-sahypasyny barlap durmagyňyzy maslahat berýäris, sebäbi bu soragyň jogaby intäk belli däl.

Arzany tabşyrmak boýunça ilçihananyň maslahatlary.

Arzalar indiki ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa gelçek dalaşgärlerden kabul edilýär. Arzalar maý-awgust aýlary aralygynda Ýaponiýanyň ilçihanalarynda ýa-da konsullyklarynda gözden geçirilýär. Arza tabşyrmagyň tertibi raýatlyk ýurduňyza baglylykda tapawutlanýanlygy sebäpli has giňişleýin maglumatlar üçin Ýaponiýanyň ilçihanasyna ýa-da Baş konsullygyna ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris. Resminamalary Ýaponiýadaky MEXT-e göni ibermäň.

Arza resminamalary (ilçihananyň tekliplerine esaslanýar).

Maksatnamanyň gollanmasyny okamak we görkezmelere eýermek hökmandyr. Arza blankasyny, saglyk şahadatnamasy we maslahat hatyny Ýaponiýanyň ilçihanasyna ýa-da ýurduňyzdaky Baş konsullyga tabşyrylmalydyr. Resminamalar çap edilip we el bilen doldurylyp bilner.

Arza görkezmeleri:

https://www.studyinjapan.go.jp/en/_mt/2021/04/2022_Guidelines_Undergraduate_E.pdf

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Tel : +(993-12) 477081, 477082

Fax : +(993-12) 477083

E-mail: jp-embassy@ah.mofa.go.jp

Ilçihananyň kabul ediş sagatlary

Duşenbe-Juma :09:30-13:00, 14:00-17:00

Ýaponiýanyň hökümet talyp hakyna tabşyrýan dalaşgärler üçin synag soraglarynyň mysallary:

https://www.studyinjapan.go.jp/en/planning/scholarship/application/examination/

Synag senesi: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 13-i (ýekşenbe)

Ýygnanýan wagty: 9:30

Synaga wagtynda gelmegiňizi haýyş edýäris.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.tm.emb-japan.go.jp/itpr_ru/00_000036.html