Açyk gapylar güni: Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

Başlaýan wagty

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2021-2022-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-da «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, döwrebap tehnologiýalar, internet bilen üpjün edilen okuw otaglary, barlaghanalary, şeýle-de «Oguzlar» döredijilik toparynyň çykyşlary, «Oguz han» innowasion toplumy, kitaphana, sport-sagaldyş toplumy we talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň 100-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +99312 39-16-12, +99312 39-16-40.

Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/acyk-gapylar-oguz-han-adyndaky-inzener-tehnologiyalar-uniwersiteti/