
Kursyň beýany:
Emeli intellekt durmuşymyzy üýtgedýär. Öz-özüni sürýän awtoulaglar we maslahat beriş ulgamlary ýaly täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýa-da lukmançylyk anyklaýyş we gözleg sistemalar ýaly köne enjamlaryň kämilleşdirilmegi bilen emeli intellekt we maşyn öwreniş bilimlerine bolan talap her günden artýar. Bu kurs, hakyky meseleleri çözmek üçin ädim ätmäge we geljekki hünäre taýýarlanmaga mümkinçilik berer.
Bu kurs häzirki zaman emeli intellektiniň düşünjeleri we algoritmleri barada bilim alarsyňyz, oýun mehanizmleri, golýazmalary tanamak we maşyn terjimesi ýaly tehnologiýalaryň pikirlerine çümýär. Taslamalaryň üsti bilen, okuwçylar “Python” programmalaryna ornaşdyrmak arkaly “Graph Search” algoritmleri, klassifikasiýa, optimizasiýa, güýçlendirmek okuwy we emeli intellekt we maşyn öwrenmekdäki beýleki mowzuklar bilen tanyşarlar. Okuwyň ahyrynda talyplar maşyn öwrenmekde tejribe alarlar, şeýle hem öz akylly ulgamlaryny ösdürmäge mümkinçilik berjek emeli intellektiň ýörelgelerini bilerler.
Haýsy endiklere eýe bolarsyňyz:
- grafiki gözleg algoritmleri
- garşydaş gözleg
- bilimleri görkezmek
- logiki netije
- yhtimallyk teoriýasy
- Bayesian torlary
- Markov modeli
- kanagatlandyryjy çäklendirmeler
- maşyn öwreniş
- yzygiderli güýçlendirmek okuwy
- neýron ulgamlary
- tebigy dilleri gaýtadan işlemek
Dowamlylygy: 7 hepde
Hepdede sagat sany: 10-30 sagat
Okuw düýbünden mugt, ýöne 164 funt sterling üçin tassyklanan şahadatnama alyp bilersiňiz.
Gurluşy: HarvardX
Mowzuk: Kompýuter tehnologiýasy
Dereje: Introductory
Dili: iňlis dili
Okuwyň görnüşi: özbaşdak okuw