Matsumae halkara gaznasynyň maksatnamasy (Ýaponiýa)

Möhleti
30.06.2021
Arza göýbermek

Talaplar:

Ýaponiýanyň raýaty bolamaýan dalaşgär; öz ýurdunda işleýän, ýaşy 49 ýa-da ondan kiçi, doktorlyk derejesini alan, Ýaponiýada mundan öň ýaşap görmedik.

Dalaşgärler kabul edýän edaralaryny saýlap bilerler: uniwersitet gözleg laboratoriýalary, milli gözleg institutlary ýa-da degişli hususy sektordaky desgalar.

Talyp haky gözleg we ýaşaýyş jaýy töleginden, ätiýaçlandyryşdan, ýol töleglerinden ybarat bolýar.

Tejribelik döwri: 3 aýdan 6 aýa çenli (2022-nji ýylyň aprel aýy – 2023-nji ýylyň mart aýy aralygy döwründe).

Ýaponiýanyň raýaty bolmadyk we aşakdaky talaplara laýyk gelýän dalaşgär arzalaryny tabşyrmaga çagyrylýar.

  1. Dalaşgär Ýaponiýadaky kabul ediji guramadan çakylyk hatyny almaly.
  2. Dalaşgäriň doktorlyk derejesi bolmaly.
  3. Resminamalar tabşyrylan wagtynda 49 ýaşynda ondanam kiçi bolmaly.
  4. Dalaşgär iňlis ýa-da ýapon dillerini bilmeli.
  5. Dalaşgäriň Ýaponiýada ýaşamadyk bolmaly. (Gezelenç we konferensiýa ýaly gysga wagtlyk bolmakdan başga)
  6. Dalaşgäriň öz ýurdunda hünäri bolmaly, tejribe gutarandan soň ýurduna gaýdyp, ösüşine goşant goşmaly.

Aşakdaky resminamalaryň hemmesi Adobe PDF-e öwrülmeli we MIF-e e-mail bilen iberilmeli. Resminamalar iňlis dilinde bolmaly.

Aşakdaky e-mail awtomatiki usulda ret edilýär.

(a) Göwrümi 10 MB ýa-da ondan uly bolan hatlar.

(b) Adobe PDF-den başga faýl giňeltmesi bolan goşundylar.

  1. c) “zip” we “rar” ýaly islendik gysylan formatda goşundylary bolan e-mail.
  2. d) islendik programma faýly we göçürip almak ssylkasy bolan

Has giňişleýin maglumatlar üçin: http://www.mif-japan.org/wp content/uploads/2015/05/bcd84029e4b2cb6da692cddb60a483bd.pdf

Arza beriji, MIF web sahypasyndan göçürip alyp boljak iň soňky bildiriş laýyklygynda zerur resminamalary bermeli.

  • contact@mif-japan.org boýunça iberiň
  • Arzanyň möhleti: 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 1-den 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 30-na çenli (Ýaponiýa wagty)

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 30-y

Has giňişleýin maglumat üçin: http://www.mif-japan.org/fellowship/announcement/?hl=en