Italiýanyň Turin politehniki uniwersiteti halkara talyplar üçin 39 sany talyp hakyny hödürleýär

Möhleti
24.08.2022
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Turin politehniki uniwersiteti, 2022 – 2023-nji okuw ýylynda okamak üçin arzalaryny tabşyrýan daşary ýurtly talyplara 39 TOPoliTO talyp hakyny hödürleýär.

Talyp hakyny aşakdaky ugurdaky maksatnamalaryň birine girýän magistr derejäniň daşary ýurtly dalaşgärleri alyp bilerler:

  • inženerlik (okuw iňlis we italýan dillerinde mümkindir) – 6 stipendiýa,
  • binagärlik – 4 stipendiýa.

Uniwersitet ýylda 8000 € mukdarynda talyp hakyny hödürleýär, 2 ýylyň dowamynda tölener (magistr derejesiniň dowamlylygy).

Talaplar:

Magistr derejesine okuwa girmek üçin Italiýanyň daşyndaky bakalawr derejesiniň diplomy ýa-da şoňa meňzeş akademiki kwalifikasiýasy bolmaly.

“Meňzeş akademiki kwalifikasiýaly” talyp– daşary ýurtdaky uniwersitetda 5-6 ýyllyk bakalawr we magistr derejeleriň birleşdirilen maksatnamasy boýunça okaýan, ýöne uniwersiteti bitirmedik talyp diýmekdir. Emma jemi bilim boýunça 15 ýyllyk talaplaryna gabat gelýärler (azyndan ýokary okuw jaýynda 3 ýyllyk okuw we azyndan 180 okuw krediti ýa-da ş.m.).

GRE®General Test ýa-da GRE®General at home4 synaglar boýunça şahadatnamalar bolmaly:

– TOPoliTO talyp haky üçin arzalary tabşyrmagyň möhletinden 5 ýyl öň alynmady

– şahadatnamada azyndan aşakdaky ballar bolmaly:

  • Verbal Reasoning: 156/170
  • Quantitative Reasoning: 157/170
  • Analytical Writing: 3,5/6

GRE synagy bir gezekden köp geçen bolsa, her bölüm üçin iň ýokary bal göz öňünde tutulýar.

– Turin politehniki uniwersitetinde magistr derejesini almak üçin talaplaryna laýyk gelmeli.

(https://international.polito.it/admission/prospective_students/master_of_science/2021_22  )

Kim bu maksatnama gatnaşyp bilenok:

Talyplar:

  • soňky 5 ýylda Italiýada ýaşan ýa-da wagtlaýyn ýaşaýanlar. Emma italýan dili we medeni kurslaryna ýa-da Italiýada ýerleşýän hususy uniwersitetlerde ýa-da hususy dil mekdeplerinde esasy kurslara gatnaşan dalaşgärler gatnaşyp bilerler;
  • 2021/22-nji okuw ýylyna çenli islendik ugur boýunça bakalawr, magistr, PhD ýa-da ýöriteleşdirilen magistr maksatnamasynda daşary ýurtda ýa-da Italiýada ýerleşýän Italiýa uniwersitetinde ýa-da Italiýada ýerleşýän daşary ýurt uniwersitete okuwa girenler gatnaşyp bilmeýärler;
  • eýýäm inženerlik ýa-da arhitektura boýunça daşary ýurt bakalawr we magistr derejelerine eýe bolan daşgärler;
  • Turin politehniki uniwersiteti ýa-da başga bir italýan uniwersiteti we öz okaýan uniwersitetiniň arasynda goşa ýa-da bilelikdäki dereje taslamalary arkaly bakalawr derejesini alanlar;
  • magistr programmasyna girýän talyp hökmünde islendik goşa ýa-da bilelikdäki dereje taslamasynda ýer alanlar;
  • beýleki italýan ýa-da daşary ýurt uniwersitetlerinde talyp hakyny alýanlar.
  • Turin politehniki uniwersitetine 20-den gowrak okuw krediti ykrar edenler.

Arza bermek prosesi:

onlaýn formany açyň (Apply@polito):

  1. “Research and Academic scholarships” bölüminde “I wish to apply to TOPoliTO scholarships Master of Science programs A.Y. 2021/22” belläň.
  2. “GRE” bölüminde GRE General Test score ýa-da GRE®General at home barada maglumatlary dolduryň.
  3. “Attachments” bölüminde GRE General Test ýa-da GRE®General at home boýunça “Examinee Score Report” nusgasyny ýükläň.
  4. “Save and Submit” bölüminde arzany tabşyryň.

Has giňişleýin maglumat üçin CALL PDF ýükläň: https://international.polito.it/content/download/3067/50605/file/Bando%20borse%20TOPOLITO%20LM_2021_22_E%20DETERMINA%20per%20sito%20def.pdf

Tabşyryş möhleti: 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 24-i.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://international.polito.it/financial_aid/topolito_scholarships/2022_2023