Bütindünýä bankynyň ýaş hünärmenler maksatnamasy (YPP)
WBG YPP maksatnamasy Bütindünýä bankynda tejribe almak isleýän hünärmenler üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Bu gurama garyplygy azaltmakdan başlap, jemgyýetçilik ösüşi, howanyň üýtgemegi COVID-19 krizisine garşy durmaл ýaly dürli meseleleri çözmäge niýetlenendir.
Bu maksatnama 5 ýyllyk şertnamanyň çäginde aýlyk we ýeňillikler toplumyny hödürleýär.
Dowamlylygy: 2 ýyl
Talaplar:
ýaş çägi: 31 ýaşa çenli;
– işewürlik bilen baglanyşykly magistr derejesi bolmaly (hünärleriň has giňişleýin sanawy web sahypada berilýär);
– iňlis dilini erkin bilmeli.
Gerekli resminamalar:
- Rezýume / CV
- Bilim resminamalary (diplom)
- 1 gysga düzme
- Tezisyň ýa-da dissertasiýanyň gysgaça mazmuny (bar bolsa)
- 3 sany maslahat haty
- Diplom, okuwy gutarandygy barada haty, okuwy gutardyş senesini görkezýän okuw kepilnamasy ýa-da akademiki ýetişgenligi barada maglumat.
- Saýlaw wagtynda hödürleýiş hatyny e-mail bilen goýbermegiňizi haýyş ederler.
Söhbetdeşlik
Bütindünýä bankynyň işgärleri COVID-19 baradaky maglumatlary bilen ýakyndan gyzyklanýarlar. Häzirki we geljekki işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin YPP 2021 söhbetdeşlikler onlaýn formatynda geçiriler. Bu ädim aşakdakylardan ybarat bolýar:
- aýratyn we toparlaýyn gönükmeleri ýerine ýetirmegi haýyş edýän baha beriş merkezi;
- bellenen wagt bilen kompýuter synaglary.
Söhbetdeşlige çagyrylan dalaşgärlere wagty bilen has giňişleýin maglumat berler.
Arza bermegiň möhletleri:
15-nji iýun – 15-nji iýul: Bütin dünýä banky, IFC we MIGA profilleri üçin arzalary kabul edip başlaýarlar.
16-njy awgust – 20-nji sentýabr: Bütindünýä banky, IFC we MIGA profillerinde hasaba alyş açylýar.
Iýul-sentýabr: hünärmen talaplaryna esaslanyp arzalar barlanýar.
Noýabr-Dekabr: Gysga sanawdaky dalaşgärlere söhbetdeşlik we baha bermek meýilleşdirilýär.
Dekabr-Fewral: Teklipleri tabşyrmak we netijeleri yglan etmek.
Sentýabr: WBG YPP täze kärdeşler Bütindünýä bankynyň toparyna goşulýarlar.
Tabşyryş möhleti: arzalaryňyzy 15-nji iýundan 15-nji iýula çenli tabşyryp bilersiňiz (ähli dalaşgärler üçin).
16-njy awgustdan 20-nji sentýabra çenli Bütindünýä bankynyň, IFC we MIGA profilleri arzalaryny tabşyryp bilerler.
Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.worldbank.org/en/about/careers/programs-and-internships/young-professionals-program#3