ABŞ-da Hurford Youth Fellowship maksatnamasy

Möhleti
03.07.2021
Arza göýbermek

Bu maksatnama liderlik ukyplaryny ösdürmek, innowasiýa pikirleri ulanmak we demokratik edäheti berkitmek üçin gönükdirilendir. Demokratik kynçylyklary ýeňip geçmek isleýän we aktiwist bolmaga kuwwaty bolan ýaş ýolbaşçylara talyp haky hödürlenýär.

Dünýäniň dürli künjeginden arzalary tabşyrmak mümkin, akademiki bilimde hiç hili çäklendirmeler ýok. Demokratiýa hyjuwly ýaşlara mätäç, sebäbi häzirki wagtyň ýaş raýatlary geljekde karar berýän liderler bolarlar. Bütindünýä tanymallyga eýe bolmak, beýleki aktiwistler bilen aragatnaşyk gurmak, tejribe alyşmak we dünýädäki demokratiýa üçin ýaşlar hereketiniň ösmegine goşant goşmak mümkinçiligini gaçyrmaň. Maksatnamanyň dowamlylygy 3 aý.

Maksatnama doly maliýeleşdirilýär. Ýol çykdajylary, ýaşaýyş tölegleri ýaly ähli çykdajylar tutuş programma boýunça tölener.

Ýeri: Waşington, Kolumbiýa

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.movedemocracy.org/wp-content/uploads/2021/04/Hurford-Youth-Fellows-Program-Information-Booklet-and-Application-Guidelines-2021.pdf

Maksatnamanyň mowzuklary:

  • Demokratiýany goramak
  • Köpugurly dolandyryşy ösdürmek
  • Demokratik ýolbaşçylygy güýçlendirmek

Kriteriýalar:

  • Ýaş çäklendirmeleri – 30 ýaşa çenli.
  • Jemgyýet ýa-da demokratik aktiwist bolmaly.
  • Iňlis dilini gowy bilmek zerur.

Artykmaçlyklary:

  • transport çykdajylary tölenýär;
  • aýlyk stipendiýa;
  • lukmançylyk ätiýaçlandyryşy;
  • onlaýn sessiýalar;
  • demokratiýa bilen baglanyşykly saýlanan mowzuk boýunça gözleg;
  • Bütindünýä ýaşlar hereketiniň bir bölegi bolmak.

Gerekli resminamalar:

Tabşyryş möhleti:  2021-nji ýylyň iýul aýynyň 3-i.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.movedemocracy.org/strengthening-democratic-leadership/hurford-youth-fellowship