UK Marie Skłodowska-Curie (MSCA) Individual Fellowship
Bu talyp haky doktorlyk derejesi ýa-da halkara we pudakara hereket ugrundaky azyndan dört ýyllyk gözleg tejribesi bolanlara berilýär. Bu programmanyň maksady EUB-de işlemek isleýän gözlegçileriň başarnyklaryny we döredijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Talyp haky ýaşaýyş jaýy çykdajylaryndan (55800 €), göçeklik töleglerinden (€ 600), jübüt çykdajylaryndan (€650)we beýleki çykdajylaryndan ybarat bolýar. Bu maksatnama gatnaşmak üçin ylmy ýolbaşçyny tapmaly, arzany we CV-ni doldurmaly.
Talaplar:
- ylym kandidaty bolmaly ýa-da azyndan 4 ýyl gözleg tejribesi bolmaly;
- Bristolda 12 aýdan 24 aýa çenli gözleg işini geçirmeli.
Arza bermek prosesi:
- Potensial dalaşgär ylmy ýolbaşçyny kesgitleýär we aragatnaşyk saklaýar.
- Potensial dalaşgär arzanyň taslamasyny we rezýumesini degişli gözleg müdirlerine (School Research Directors (SRD) tabşyrýarlar.
- SRD bölüm bilen ylalaşyga baha bermek üçin potensial halypasy bilen taslamany gözden geçirer.
- SRD arza berijä, Gözleg Ösüş Dolandyryjylaryna (RDM) we Bristol EUB toparyna karar bermek barada maslahat berýär.
- EUB topary arzalary işlenip düzülende bellenilen möhletden azyndan bir aý öň gözden geçirýär.
EUB topary: eu-research@bristol.ac.uk
(SDR) School Research Directors
SRD ynsanperwer ylymlary mekdebi: helen.fulton@bristol.ac.uk
SRD häzirki zaman dilleri mekdebi: c.f.burdett@bristol.ac.uk
SRD sungat mekdebi: a.a.piccini@bristol.ac.uk
Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-i.
Has giňişleýin maglumat üçin: http://www.bristol.ac.uk/arts/research/postdoctoral-opportunities/uk-marie-skodowska-curie-individual-fellowship/