Daşary ýurtly talyplar üçin HSE talyp haky

Möhleti
10.08.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

HSE daşary ýurtly talyplara niýetlenen talyp haky maksatnamasyna arzalary kabul edip başlady. Bu talyp haky maksatnamasy HSE-iň Moskwadaky doly okuw programmasy üçin niýetlenendir. Talyp haky hünäri esasynda berilýär.

Talyp haky diňe okuw töleglerinden ybaratdyr. Galan çykdajylary talyplar töleýärler. Iňlis dili ene dili bolmadyk talyplar IELTS, TOEFL ýa-da CAE synag boýunça şahadatnamalaryny tabşyrmaly.

HSE Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinden biridir. Institut ykdysadyýet, matematika, metbugat aragatnaşygy we dizaýn ýaly ugurlar bilen tanalýar. Forbesiň “Geljekki elita üçin uniwersitetler, Russiýanyň iň gowy 100 uniwersiteti” sanawynda 1-nji, 2021-nji ýyl üçin QS Global reýtinginde 298-nji ýeri eýeledi.

Hünärler:

  • Amaly lingwistika we tekst derňewi
  • Lingwistik teoriýa we diliň beýany
  • Amaly sosial psihologiýa
  • Iş üçin dolandyryş we analitika
  • Biznes analitika we uly maglumat ulgamy
  • Maşyn öwreniş
  • Matematika
  • Häzirki Aziýada işewürlik we syýasat
  • Kognitiw ylym we tehnologiýa
  • Syýasy derňew we jemgyýetçilik syýasaty
  • Syýasat, ykdysadyýet, pelsepe
  • Ýewraziýanyň deňeşdirme syýasaty
  • Deňeşdirilen jemgyýetçilik gözlegleri
  • Ilat we ösüş
  • Möhüm metbugat gözlegleri
  • Bilim we baha bermek ylymlary
  • Maglumat ylmy
  • Häzirki Aziýanyň sosial-ykdysady we syýasy ösüşi
  • Ykdysadyýet we ykdysady syýasat
  • Strategiki korporatiw maliýe
  • Maliýe ykdysadyýeti
  • Ulgam we programma üpjünçiligi
  • Halkara işewürlik
  • Halkara dolandyryş
  • Ylym, tehnologiýa we innowasiýa dolandyryşy
  • Dünýä we sebit taryhy
  • Halkara söwda, maliýe we ykdysady integrasiýa kanuny

Kriteriýalar:

  • Daşary ýurtly talyplar.
  • Bakalawr derejesi (diplomy almadyk bolsaňyz, akademiki ýetişgenligiňiz barada maglumaty bermegiňiz talap edilýär).
  • Iňlis dili bilimini tassyklaýan şahadatnama.
  • Makroykdysadyýet we mikroykdysadyýet barada bilimlere eýe bolmaly.

Artykmaçlyklary:

HSE talyp haky saýlanan magistr programmasy üçin bölekleýin ýa-da doly okuw tölegini üpjün eder.

Arza tabşyryş amaly -> https://asav.hse.ru/applyma.html?lang=en#signin

Ädim 1: Ugruňyzy saýlaň

Ädim 2: Arzaňyzy tabşyryň

Ädim 3: Arza bahalandyrylmagy

Möhüm! Portfolioňyzy 10-njy awgustdan öň hasabyňyza ýüklemeli.

Ädim 4. Resminamalary taýýarlamak

Ädim 5: Okuw ýerine barmak we giriş (jikme-jiklikler: https://admissions.hse.ru/en/recogn)

Gerekli resminamalar:

  • GMAT ýa-da GRE.
  • Bakalawr derejesi we asyl resmi ýazgy (bahalaryň ýazgysy).
  • Iňlis dilini bilýändiginiň subutnamasy.
  • Fakultet tarapyndan talap edilýän beýleki resminamalar.

Arzalar 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 10-na tabşyrylmalydyr.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://admissions.hse.ru/en/graduate-apply/financial-aid