Türkiýedäki Sabanci uniwersitetiniň talyp haklary. (Bachelor, Masters, PhD)

Möhleti
05.08.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Sabanci uniwersiteti, 2022-nji okuw ýylyna arzalaryny tabşyrýan talyplar üçin talyp haky portalyny açdy. Bu talyp haky dünýäniň dürli künjeklerinden gelen daşary ýurtly talyplar üçin elýeterlidir, bakalawr, magistr, doktorlyk derejeleri üçin doly maliýeleşdirilýär we 2021-2022-nji okuw ýyly üçin elýeterlidir.

Talaplar barada has giňişleýin maglumat üçin:

Magistr we doktor derejeleri: https://www.sabanciuniv.edu/en/admissions

Bakalawr derejesi: https://www.sabanciuniv.edu/sites/default/files/2020-2021%20International%20Exams%20and%20Diplomas%20List.pdf

Talyp hakynyň mukdary we dowamlylygy.

Uniwersitete arzasyny tabşyran her bir daşary ýurtly talyp awtomatiki usulda talyp hakyny almak üçin seredilýär.

Mugt okuwdan, aýlyk stipendiýadan we umumy ýaşaýyş jaýyndan ybaratdyr.

Magistr derejesi: 2500 TL / 10 aý + umumy ýaşaýyş jaýy (iki adamlyk otag) 10 aýyň dowamynda.

Doktor derejesi: 3000 TL / 12 aý + umumy ýaşaýyş jaýy (bir adamlyk otag / iki adamlyk otag) 12 aýyň dowamynda

Ähli talyplar gerekli resminamalary tabşyrmaly. Olar talyp haky komiteti tarapyndan baha berler.

Üns beriň: akademiki bilim, akademiki ýetişgenligiňiz barada maglumat, synag netijeleri, hödürleýiş hatlary, söhbetdeşlik netijeleri we ýaryş baýraklar, islendik olimpiada şahadatnamasy ýaly akademiki üstünlikleriňizi tassyklaýan resminamalar Talyp haky komiteti tarapyndan barlanar.

Okuw ugurlarynyň sanawy:

Inženerlik we tebigy ylymlar fakulteti.

  1. Informatika we inženerlik (BS, MS, PhD)
  2. Kiberhowpsuzlyk (MS, PhD)
  3. Elektron inženerlik (BS, MS, PhD)
  4. Energetika tehnologiýasy we dolandyryş (MS, PhD)
  5. Senagat inženerligi (BS, MS, PhD)
  6. Mehaniki inženerligi (MS, PhD)
  7. Materiallar ylym we nanotehnologiýa (BS, MS, PhD)
  8. Matematika (BS, MS, PhD)
  9. Mehatronikanyň usuly (BS, MS, PhD)
  10. Molekulýar biologiýa, genetika we bioinženeriýa (BS, MS, PhD)
  11. Fizika (MS, PhD)

Ynsanperwer we jemgyýetçilik ylymlary fakulteti

  1. Medeniýet (MS)
  2. Ykdysadyýet (BS, MS, PhD)
  3. Taryh (MS, PhD)
  4. Syýasat we halkara gatnaşyklar (BS)
  5. Syýasat (BS, MS, PhD)
  6. Psihologiýa (BS, MS)
  7. Türk okuwlary (MS)
  8. Wizual sungat we wizual aragatnaşyk dizaýny (BS, MS)

Biznes mekdebi:

  1. Biznes analitika (MS)
  2. Dolandyryş (BS, MS, PhD)
  3. MBA (MS)

Arza bermek prosesi:

Arza onlaýn ýagdaýda tabşyrylýar. Talyp hakyny gazanmak üçin aýratyn arzany tabşyrmagyň geregi ýok. Dalaşgärler uniwersitete kabul edilenden soň baýrak almak üçin awtomatiki usulda serediler.

Bakalawr derejesine arzany tabşyrmak üçin: https://www.sabanciuniv.edu/en/prospective-undergraduate-students?utm_source=facebook&utm_medium=cpc&utm_campaign=sabanc%C4%B1_%C4%B1ro_undergrad-campaign_july-2020_traffic&utm_term=fb_%C4%B1mage-2&utm_content=fb_%C4%B1nterest_pakistan

Magistr/ doktor derejesine arzany tabşyrmak üçin: https://www.sabanciuniv.edu/en/prospective-graduate-student?utm_source=facebook&utm_medium=cpc&utm_campaign=sabanc%C4%B1_%C4%B1ro_grad-campaign_july-2020_traffic&utm_term=fb-feed_pakistan_grad&utm_content=fb-%C4%B1nterest_pakistan

Arza tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 5-i.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.sabanciuniv.edu/en/scholarships-prospective-students