ABŞ-da bakalawr derejesini okamak üçin talyp haky

Möhleti
01.11.2021
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Maýami uniwersiteti daşary ýurtly talyplar üçin iň abraýly talyp haklaryndan birini hödürleýär. Bu talyp haky uniwersitetde hödürlenýän bakalawr programmalaryna degişlidir we işjeň durmuş ýörelgeli we üstünlikli dalaşgärler üçin niýetlenendir.

Esasy talaplar:

  • Uniwersitetden çakylyk
  • Iňlis diliniň bilmek
  • Ýokary derejede höwes we ajaýyp üstünlikler
  • Hödürleýiş hatlary

Maýami, ABŞ.

Talyp haky okuw, ýaşaýyş jaýynyň, ätiýaçlandyryşyň, kompýuteriň çykdajylaryny ödeýär we gözleg, tejribe geçmek, dürli programmalaryna gatnaşmak üçin ulanyp boljak 12,000 dollarlyk hasaby açýar.

Arza bermek prosesi:

  1. Arzany dolduryň.

Arzaňyzy dolduryň we tabşyryň: https://www.commonapp.org/explore/university-miami. Iberilenden soň, arza tölegini tölemek üçin sizden 70 $ soralar. Şol bir e-mail salgysyny hemme ýerde ulanmagy ýatdan çykarmaň.

2022-nji ýylyň ýaz ýa-da güýz paslyna arzaňyzy tabşyrýan bolsaňyz, indiki arzaňyz hökmünde 250 sözden köp bolmadyk goşmaça düzme tabşyrmaly bolarsyňyz.

Mundan başga-da, okuwçylardan 650 sözden köp bolmadyk şahsy beýannamada ýedi soragyň birine jogap berilmegi soralar.

Bu bölümde pikirleriňizi ösdürmek we aýdyň beýan etmek ukybyňyzy görkezip bilersiňiz. Mundan başga-da, mekdep çärelerinden başga okuwdan daşary çärelere gatnaşýandygyňyzy belläň.

  1. Orta mekdebiňiziň akademiki görkezijileri barada maglumat beriň.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşyndaky orta mekdepde okan bolsaňyz, her bir dersi bahalandyrmak we uniwersitete iberiljek bahany hasaplamak üçin aşakdaky resminamalaryň birine okuw resminamalaryny (baha tabeli, şahadatnamalar, synag netijeleri we ş.m.) tabşyrmaly.

  • Josef Silny & Associates, Inc.
  • Educational Credential Evaluators (ECE)
  1. Synag netijelerini iberiň.

– ACT we / ýa-da SAT synaglaryň netijeleri

– TOEFL ýa-da IELTS synaglaryň netijeleri

  • paper-based TOEFL boýunça azyndan 550
  • internet-based TOEFL boýunça azyndan 80
  • IELTS boýunça azyndan 5
  1. Mekdep hasabatyny dolduryň.
  2. Hödürleýiş hatyny iberiň.
  3. Ýörite programmalar üçin goşmaça talaplar:

Aşakdaky programmalaryň birine arzany tabşyrýan bolsaňyz, goşmaça aarzany dolduryň, portfoliony tabşyryň we / ýa-da synaga taýynlanyň.

– Arhitektura (Bakalawr) – ACT / SAT netijeleri görkezilmese portfoliony ugradyň.

– Frost School of Music – goşmaça arza we synag

– Saglyk hünärlerini öwretmek (HPM) maksatnamasy – goşmaça arza

– Teatr sungaty B.F.A. – goşmaça arza we synag

  1. Bilim çärelerine gatnaşandygyňyzy görkeziň
  2. Halkara maliýe şahadatnamasy görnüşini dolduryň (diňe daşary ýurtly dalaşgärler üçin).
  3. Maliýe kömegine arzaňyzy tabşyryň
  4. Maglumat täzelenmesini iberiň

Orta mekdepdäki maglumatlar täzelenmeleri (sapaklardan, mekdepden çykarylmak) bar bolsa, kabul ediş toparyna «Materials Upload» bölüminde portala resminamalary ýüklemek arkaly habar berilmelidir. Mundan başga-da resminamalary e-mail boýunça iberip bilersiňiz: conductupdate@miami.edu.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://admissions.miami.edu/undergraduate/application-process/admission-requirements/freshman/index.html

Düzmäni ýazmak boýunça maslahatlar: https://youtu.be/iQq_NHJp16I

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-i

Maksatnama hakynda has giňişleýin maglumat:  https://admissions.miami.edu/undergraduate/financial-aid/scholarships/stamps/