Bişkekdäki ÝHHG akademiýasynyň tomus mekdebi

English
Möhleti
05.07.2021
Arza göýbermek

Bu maksatnama Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan dalaşgärleri üçin açykdyr.

Tomus mekdebi “Syýasat we howpsuzlyk” we “Ykdysady dolandyryş we ösüş” ugurlary boýunça ÝHHG akademiýasynda talyplary magistratura taýýarlamaga gönükdirilendir. Degişli ugurlardan uçurym bolan hemmesi dalaşgärler mekdebe gatnaşyp bilerler.

Gatnaşyjylar akademiki ýazuwy boýunça (iňlis dilinde) bilim alarlar, şeýlelik bilen, akademiýanyň maksatnamalarynyň birine ýa-da başga bir halkara magistr maksatnamasyna girmek üçin zerur başarnyklara eýe bolarlar.

Sentýabrda başlamaga meýilleşdirilýän magistr maksatnamalary üçin boş ýerler açyk bolsa, akademiýa tomusky mekdebiň gatnaşyjylaryny çagyryp biler.

Programma doly mugt. Mundan başga-da, ýol tölegleriniň çykdajylary we 300 funt sterling mukdarynda talyp haky tölenýär.

Kriteriýalar:

  • Okuwyň soňky ýyl talyplary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary, syýasat ylymlary ýa-da beýleki ugurlar boýunça bakalawr ýa-da magistr derejeleriň diplomyna eýe bolanlar gatnaşyp bilerler;
  • Iňlis dilini ýokary derejede bilmeli;
  • Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň raýatlyry gatnaşyp bilerler.

Maliýe goldawy / talyp haky aşakdakylardan ybarat bolar:

  • mugt okuw;
  • dört hepde üçin 300 ýewro talyp haky;
  • ýol çykdajylaryň tölegi.

Bellik: Akademiýa saglyk ätiýaçlandyryşyny ýa-da maşgala agzalarynyň çykdajylaryny ödemeýär. Şeýle-de bolsa, akademiýa Bişkek şäherine syýahat we şäherde ýaşaýyş jaý gözlemek bilen baglanyşykly ähli soraglara kömek edýär. Maliýe goldawy serişdeleriň elýeterliligine bagly bolup, bäsdeşlik esasynda berilýär.

Tomus mekdebi gatnaşyjylara aşakdaky kurslarda (teklip edilýän bloklaryň biri boýunça) bilim we başarnyk bermek üçin döredildi:

I blok

  • Ykdysadyýet üçin matematika
  • Ähtimallyk we statistika
  • Akademiki ýazuw

II blok

  • Jemgyýetçilik ylymlarynda gözleg usullaryna giriş
  • Akademiki ýazuw

Arza bermek üçin registrasiýany geçmeli we arzany doldurmaly:

https://osce.embark.com/login/apply?target=summerschool2021

Soraglaryňyz bar bolsa, aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:

Syýasat we howpsuzlyk boýunça magistr: MA-PS@osce-academy.net

Ykdysady dolandyryş we ösüş boýunça magistr: MA-EGD@osce-academy.net

Arza tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 5-i, 10.00 (Bişkek wagty).

Sene: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 2-den 27-ne çenli.

Has giňişleýin maglumat üçin: http://www.osce-academy.net/en/seminars/full/134.html