Iňlis dilini öwrenýänler üçin interaktiw metbugat

64
thumbnail

Daşary ýurt dilini netijeli öwrenmek üçin gündelik praktikanyň bolmagy möhümdir. Iňlis dilinde iň täze habarlary tapmak we alnan bilimleri birleşdirmek üçin size çeşmeleriň sanawyny hödürleýäris.

PBS (https://www.pbs.org/newshour/extra/ )

PBS Newshour EXTRA – Upper-Intermediate we Advanced dejeler üçin habarlar. Diňe täzelikleri okamak bilen çäklenmän, wideo tomaşa edip boljak iň amatly sahypalaryň biri. Bu çeşme ýörite bilim almak üçin döredildi, şonuň üçin her habardan soň alan endikleriňizi ulanmak üçin soraglar alarsyňyz.

Breaking News (https://breakingnewsenglish.com/ )

Bu sahypada bilim derejäňizi öňünden saýlap bilersiňiz. Gönükmeler tablisalar görnüşinde berilýär we okamak boýunça düşünjäňizi barlaýar.

Voa News (https://learningenglish.voanews.com/ )

Diňe habarlaryň tekst görnüşi bilen däl, eýsem ses wersiýasy bilen hem tanşyp boljak iň halanýan sahypadyr. Habaryň ahyrynda “kyn” sözler düşündirişler bilen berilýär. Bu çeşme Beginning – den Advanced derejä çenli elýeterlidir.

Simple English News (https://www.simpleenglishnews.com/ )

Bu sahypa iňlis dilini ýaňy öwrenip başlaýanlar üçin niýetlenendir. Täzelikler ýönekeý we düşnükli ses wersiýalar bilen üpjün edilýärler.