New York Ylymlar akademiýasynyň 1000 Girls, 1000 Futures maksatnamasy
New York Ylymlar akademiýasy dünýädäki 13-17 ýaş aralygyndaky ýaş aýal-gyzlary STEM zenan hünärmenlerinden maslahat almak, kollejiň taýýarlyk okuwlaryna we beýleki STEM gyzlary bilen aragatnaşyk gurmak üçin 1000 Girls, 1000 Futures maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýar!
1000 Girls, 1000 Futures – Ylym, Tehnologiýa, Inženerlik we Matematika (STEM) bilen gyzyklanýan ýaş aýal-gyzlary gyzyklandyrmak üçin we 21-nji asyryň başarnyklaryny terbiýelemek we ösdürmek arkaly STEM-da karýerasyny ösdürmek üçin döredilen täzeçe başlangyçdyr.
Talaplar:
1000 Girls 1000 Futures gatnaşyjylary ylym, tehnologiýa, inženerlik we matematika (STEM) bilen gyzyklanýan okuwçylardyr.
- Ýaş çäklendirmeleri: 13-17.
- Dünýäniň islendik ýerinden gatnaşyp bilersiňiz.
- Dil: Platformadaky ähli programma mazmuny we aragatnaşyk iňlis dilinde geçýär, şonuň üçin iňlis dilini ýokary derejede bilmek zerurdyr. Okuwçylaryň iňlis dili bilimi arzany dolduran wagtynda baha berler.
- Materiallar: 1000 Girls 1000 Futures – onlaýn programmadyr. Iň azyndan bir aragatnaşyk enjamyna, meselem, smartfon, planşet, noutbuk, internet birikmesi bolan kompýuteriň bolmagy zerurdyr.
- Wagt boýunça talaplar: talyplar ýylyň dowamynda (sentýabr-maý aýlary) azyndan iki sany özbaşdak okuw modulyny tamamlarlar. Her modul, adatça, hepdede üç-dört sagat talap edýär.
- Bahasy: mugt.
Arza bermek prosesi:
Her ýyl dünýäniň dürli künjeklerinden müňlerçe arzalar tabşyrylýar we ýokary potensialy bolan zenan okuwçylaryň arzalary 1000 Girls 1000 Futures maksatnamasyna goşulmak mümkinçiligini almak üçin doly barlanýar.
Arzany nädip tabşyrmaly?
- Hasaba alynmaly: https://gsa.smapply.io/acc/r/?g=60474&next=/prog/106162/apply/
- Özüňiz barada maglumat beriň.
- Soraglara jogap beriň.
Arza bermegiň soňky möhleti: 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 30
Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.nyas.org/programs/global-stem-alliance/1000-girls-1000-futures/?tab=overview