Afro-Asiatisches Institut Salzburg (AAI Salzburg) (AAI Salzburg) talyp haklary. (magistratura we aspirantura)

Möhleti
31.07.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

“One World” talyp haky maksatnamasy, ösüş meseleleri bilen gyzyklanýan we okuwlaryny gutarmak üçin öz islegi bilen Awstriýa gelen Afrika, Aziýa we Latyn Amerikasyndan gelen talyplary goldamak üçin döredildi.

Talyplar Awstriýada okaýan wagtynda, öz ýurtlarynyň ykdysady, sosial, daşky gurşaw we medeni ösüşe goşant goşup biljek başarnyklara eýe bolarlar. Ýokary hünärli hünärmenler we ýolbaşçylar hökmünde oňyn üýtgeşmeler girizip bilerler.

Uçurymlaryň köpüsi öz ösüş taslamalaryna başlaýarlar, beýlekiler halkara guramalarynda işleýärler ýa-da ýurtlaryndaky uniwersitetlerde mugallymçylyk edýärler. Şeýlelik bilen, bilimleriň ähmiýetli geçirilmegine goşant goşýarlar.

Grantyň görnüşi we dowamlylygy:

“One World” talyp haky maksatnamasy Salzburg we Tirol sebitlerindäki döwlet uniwersitetleriniň ýa-da amaly ylymlar uniwersitetleriniň magistr we aspirantura derejeleriň talyplaryny bölekleýin stipendiýa bilen goldaýar. Magistr derejesiniň talyplary aýda 500 ýewro, aspirantlar her semestrde 550 ýewro mukdarynda aýlyk stipendiýa alarlar.

TALAPLAR WE ŞERTLER:

  • Ýewropa degişli däl ösýän ýurduň raýatlygy
  • Salzburgda ýa-da Tirolda ýokary okuw jaýyna ýa-da amaly ylymlar uniwersitetine magistratura ýa-da aspirantura girmeli (Uni Salzburg, Uni Innsbruck, FH Salzburg, MCI, FH Kufstein)
  • Aspiranturanyň talyplary üçin: uniwersitete kabul edilendigi barada tassyklama
  • ýaş çäkleri: magistr derejesi üçin 30 ýaşa çenli talyplar (ejeler üçin: 35 ýaş), aspirantura üçin 35 ýaşa çenli (ejeler üçin: 40 ýaş)
  • talyplar üçin ýaşaýyş rugsatnamasy

Talyp haky aşakdaky kategoriýalar boýunça berilmeýär:

  • hususy uniwersitetlerde okuw
  • indiki programmalar üçin: “Lehrgänge”, “Universitätslehrgang”, “Fachhochschullehrgang”, ýa-da diplomsyz beýleki programmalar
  • Awstriýada hökmany okuwa gatnaşmazdan garyşyk kurslar / uzak aralyk okuw
  • talyplyk statusyndan başga ýaşaýyş rugsatnamasy bolan dalaşgärler
  • diplom däl programmalaryň talyplary (“außerordentliche Studierende”)
  • gysga möhlete gelýänlere we alyş-çalyş maksatnamalarynyň talyplaryna talyp haky berilmeýär.

Bilelikdäki magistr programmalary kadadan çykýarlar. Bu maksatnama gatnaşyp biljekdigiňizi bilmek üçin öňünden kabul ediş bölümi bilen habarlaşyň.

Arzany tabşyrmak üçin talaplar:

  • Maliýe zerurlyklary:

Talyplary saýlamak üçin öz girdejileri, tygşytlamalary, beýleki goldaw serişdeleri, hünär we ene-atalaryň girdejileri göz öňünde tutulýar.

  • Ýokary akademiki görkezijiler.

Akademiki ussatlyk we öňki gözlegler barada maglumatlar. Aýratyn ýerde giriş ekzamenleri bolmadyk programmalarda Awstriýanyň uniwersitetinde azyndan bir semestri gutaran talyplar durýarlar.

  • Ösüşe gyzyklanma we degişli okuwda hünärmenlik
  • Geljekki talyplardan, okuw ugurlarynda, öňki iş tejribesinde, meýletinlikde we ş.m. keşp etjek ösüş meselelerinde gyzyklanarlar diýlip garaşylýar.
  • Hünärmenligiň mümkin ugurlary: garyplygy azaltmak, sosial adalat, bütindünýä migrasiýa, jyns deňligi, howanyň üýtgemegi, durnukly peýdalanmak, azyk howpsuzlygy, gaýtadan dikeldilýän energiýa, daşky gurşawy goramak, durnukly syýahatçylyk, urbanizasiýa, saglyk, adam hukuklary, demokratiýalaşma, gerekli dolandyryş, korrupsiýa garşy göreş, dawa-jenjeliň öňüni almak we olary çözmek, halkara gatnaşyklary, medeniýetler arasyndaky gepleşik.
  • Bu talyp haky öz ýurtlarynda ýagdaýy pes bolan tankydy we akylly ýaşlar üçin bilim almak hukugynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşar. Bu taraplar aýallar bilen has baglanyşykly, gyz talyplar ileri tutulýarlar.

Arza tabşyryş prosesi:

  • Resminamalary office@aai-salzburg.at e-mail salgysy boýunça ýa-da mugt maglumat geçirmek (wetransfer) arkaly tabşyrylýar.
  • Arzaňyz barlay geçenden soň, sizi onlaýn söhbetdeşlige çagyrarlar.
  • Awgust aýynyň ortalarynda talyp haky topary tarapyndan karar berilýär. Gysga wagtyň içinde size habar berler.

Magistratura üçin anketa:

https://ocms.at/upload/kunden/2/bilder/sew_ansuchen_master_21-22.pdf

Aspirantura üçin anketa:

https://ocms.at/upload/kunden/2/bilder/sew_ansuchen_doktorat_21-22.pdf

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 31-i

Has giňişleýin maglumat üçin:

https://aai-salzburg.at/en_students_apply.htm