Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Döwlet Gullugy Akademiýasy 2021/2022-nji okuw ýyly üçin magistr bilim maksatnamasy

Başlaýan wagty

Ugurlar:

  1. Sanly dolandyryş,  okuwyň  möhleti  — 1 ýyl;
  2. Döwlet dolandyryşy, okuwyň möhleti — 2 ýyl;
  3. Konstitusiýa hukugy, okuwyň möhleti — 1,5 ýyl.

Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Okuwa ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan raýatlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2021­nji ýylyň 12 — 25­nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby  bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga­da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we onuň goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— harby şahadatnamasyny ýa­da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Akademiýanyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde 2021­nji ýylyň 10­11­nji awgustynda geçirilýär.

Giriş synaglary taýýarlygyň ugurlary boýunça aşakdaky derslerden geçirilýär:

— sanly dolandyryş ugry boýunça — kompýuter sowatlylygy, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— döwlet dolandyryşy ugry boýunça — jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary;

— Konstitusiýa hukugy ugry boýunça — jemgyýetçilik ylymlarynyň esaslary, Türkmenistanda döwletiň we hukugyň esaslary.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň  ýokary  okuw  mekdepleriniň  okuw maksatnamalary esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa­da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan  geçip  bilmedikler  soňky  synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;

— daşary ýurt dillerini bilýänler.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet  gullugy akademiýasynyň salgysy:

Aşgabat şäheri, (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112.

tel.: 49-84-72, 49-88-46.