Halkara surat bäsleşigi
Ýaş çäkleri: 14 ýaşdan 17 ýaşa çenli we 18-25 ýaş aralygy
Baýraklar: fotoapparat we ş.m.
ÝUNESKO-nyň Pariždäki ştab-kwartirasy “Ýaşlaryň garaýşy bilen ýüpek ýoly” atly halkara surat bäsleşigini geçirýär. Bu bäsleşige dünýäniň ähli künjeginden gelen 14-25 ýaş aralygyndaky islendik adamlar gatnaşyp bilerler.
Egin-eşik we dokma önümleri, Covid-19 döwründe, şol sanda dokma we egin-eşik pudagynda medeniýetara alyş-çalyşlar üsti bilen aýan edilýän “Ýüpek ýolunyň mirasy” mowzugy boýunça suratlar kabul edilýär.
Ýaş çäklendirmeleri: 14 ýaşdan 17 ýaşa çenli we 18-25 ýaş aralygy. Kämillik ýaşyna ýetmedikler kanuny hossaryndan ýazmaça rugsatnama bermeli.
Baýraklar:
– 1-nji ýer: professional sanly obýektiw refleks kamerasy.
– 2-nji ýer: ýarym professional sanly kamera.
– 3-nji ýer: sanly kamera.
Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 24-i
Has giňişleýin maglumat üçin: https://unescosilkroadphotocontest.org/ru