Ýagşygeldı Kakaýew adyndaky Halkara Nebıt we Gaz Unıwersıtetı 2021/2022 hünärmen maksatnamasy we bakalawr maksatnamasy

Başlaýan wagty
  1. Hünärmen maksatnamasy:
  2. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünärler: nebit­gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologik kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary göz­ lemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak).
  3. Himiýa tehnologiýalary (hünär: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy).
  4. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş (hünär: daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak).
  5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi).
  6. Maşyngurluşyk (hünär: sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary).
  7. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy).
  8. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem­de awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary).
  9. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda)).

 

  1. Bakalawr maksatnamasy:
  2. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: dag işleri).
  3. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (taýýarlygyň ugry: standartlaşdyrmak we metrologiýa).
  4. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: tehnologiki maşynlar we enjamlar).
  5. Elektro we ýylylyk energetikasy (taýýarlygyň ugry: elektroenergetika we elektrotehnika).
  6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: işgärleri dolandyryş (nebitgaz pudagynda)).

 

III. Bakalawr maksatnamasy (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar):

  1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugurlary: nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi).
  2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy).
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: programma inženerligi).
  4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: logistika (nebitgaz pudagynda)).

 

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkme- nistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassykla- ýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýo- karda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnama- syny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhlet- lerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 28-29-y, 30-y we 31-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler we taýýarlygyň ugurlary: nebit­gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologik kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýder işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak; maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi; sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary; nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem­de awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary; ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda); dag işleri; tehnologiki maşynlar we enjamlar; elektroenergetika we elektrotehnika; işgärleri dolandyryş (nebitgaz pudagynda) — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler we taýýarlygyň ugurlary: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy; daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak; standartlaşdyrmak we metrologiýa — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar): nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýa­ sy we gözlegi; programma inženerligi; logistika (nebitgaz pudagynda) — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy — iňlis dili, himiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Taýýarlygyň ugurlary (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar) bo- ýunça giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran dalaşgärler okuw işini geçirmek üçin ýeterlik derejede iňlis dilini bilşini barlamak maksady bilen test tabşyrýarlar. Iňlis dilini erkin bilýän dalaşgär- ler 1-nji okuw ýylyna kabul edilýär. Iňlis dilini erkin bilmeýän da- laşgärler bir okuw ýylynyň dowamynda dil taýýarlygy okuwyny goşmaça geçýärler, okuwlaryň jemleri boýunça oňyn bahanyň alynmagy olara saýlap alan taýýarlygynyň ugry boýunça 1-nji

okuw ýylynda okuwlaryny dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersle- riniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synag- lara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 39­13­74, 39­13­70.