Türkmen Döwlet Malıýe Instıtuty 2021/2022 bakalawr maksatnamasy

Başlaýan wagty

Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: halkara maliýe; maliýe; maliýe we karz;  salgytlar we salgyt salmak; bank işi we pul dolanyşygy; töwekgelçilikleri dolandyrmak we ätiýaçlandyryş işi; birža işi; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; maliýe gözegçiligi; maliýe menejmenti; işewürlik­informatika).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň ady- na ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12-si günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 19- 20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary taýýarlygyň ähli ugurlary boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy: Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112,

tel.: 49­61­99, 49­07­92.