Türkmen Döwlet Bedenterbıýe we Sport Instıtuty 2021/2022 hünärmen maksatnamasy

Başlaýan wagty

Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe).
  2. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
  3. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).
  4. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).
  5. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa (sport psihologiýasy)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • sport, bedenterbiýe hünärleri boýunça okuwa girýän dalaşgärler üçin I sport derejesinden pes bolmadyk türgeniň hünär dereje kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýan- dygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezle-

rinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 15-16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 20-21-i, 22- si we 23-i günleri.

 

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: sport; bedenterbiýe — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşiniň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), bio- logiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: sport žurnalistikasy — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi

— matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: sagaldyş işi; psihologiýa (sport psihologiýasy) — türkmen dili we edebiýaty, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;
  • 2017 — 2021-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;
  • 2017 — 2021-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;
  • “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünle- re laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40, tel.: 39­98­70, 39­98­71.