Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş Instıtuty 2021/2022- magistr maksatnamasy

92
thumbnail
  1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary:

ykdysadyýet; menejment; milli ykdysadyýet).

Okuwlar tölegli esasda amala aşyrylýar.

Instituta taýýarlygyň “Ykdysadyýet” we “Menejment” ugurlary boýunça ýokary bilimden pes bolmadyk, taýýarlygyň  “Milli  ykdysadyýet”  ugry  boýunça  ykdysadyýet we dolandyryş çygrynda ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk ke- pilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Institutyň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-17-sine geçirilýär.

Giriş synaglary ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda şu aşakdaky dersler boýunça döwlet dilinde ge- çirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: “Ykdysadyýet”, “Milli ykdysady­ ýet” — ykdysady nazaryýet, Türkmenistanyň ykdysadyýeti;

taýýarlygyň ugry: “Menejment” — ykdysady nazaryýet, menejment.

Bellenilen wagtda giriş synagyna esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan  saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972­nji (Atatürk) köçe, 73, tel.: 48­62­89, 48­62­75.