Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Mıllı Dünýä Dıllerı Instıtuty 2021/2022-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy

Başlaýan wagty
  1. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
  2. Pedagogika bilimi (iňlis dili).
  3. Pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri).
  4. Pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri).
  5. Pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty).
  6. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
  7. Pedagogika bilimi (iňlis dili).
  8. Pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri).
  9. Pedagogika bilimi (fransuz we iňlis dilleri).
  10. Pedagogika bilimi (rus dili we edebiýaty).
  11. Pedagogika bilimi (ispan we iňlis dilleri).
  12. Pedagogika bilimi (italýan we iňlis dilleri).
  13. Pedagogika bilimi (arap dili, türkmen dili we edebiýaty).
  14. Pedagogika bilimi (pars dili, türkmen dili we edebiýaty).
  15. Pedagogika bilimi (türk dili, türkmen dili we edebiýaty).
  16. Pedagogika bilimi (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty).
  17. Pedagogika bilimi (ýapon dili, türkmen dili we edebiýaty).
  18. Pedagogika bilimi (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty).
  19. Pedagogika bilimi (hindi dili, türkmen dili we edebiýaty).
  20. Pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty).
  21. Terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili).
  22. Terjime we terjimeçilik işi (rus dili).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildir- ýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 16-17-si, 18-i we 19-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 21-i, 22-si we 23-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (nemes we iňlis dilleri); (fransuz we iňlis dilleri); (rus dili we edebiýaty); (arap dili, türkmen dili we edebiýaty); (pars dili, türkmen dili we edebiýaty); (türk dili, türkmen dili we edebi­ ýaty); (hytaý dili, türkmen dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (rus dili) — saýlap alan ugrunyň dili ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (iňlis dili); (ispan we iňlis dilleri); (italýan we iňlis dilleri); (ýapon dili, türkmen dili we edebiýa­ ty); (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty); (hindi dili, türkmen dili we edebiýaty); terjime we terjimeçilik işi (iňlis dili) — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugry: pedagogika bilimi (türkmen dili we edebiýaty) — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagda- ýynda bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim ha- kynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47,

tel.: 34­67­17.