Türkmenıstanyň Inžener-Tehnıkı we Ulag Kommunıkasıýalary Instıtuty 2021/2022- hünärmen maksatnamasy

Başlaýan wagty
  1. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy; awtomobil ýollarynyň, köprüleriň we tonnelleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abat­ lanylyşy; ýörite maksatly inžener ulgamlary we desgalary; demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy; inžener ulgamlary we torlary).
  2. Binagärlik (hünärler: ýaşaýyş jaý hojalygy we jemagat infrastrukturasy; landşaft dizaýny).
  3. Maşyngurluşyk (hünär: önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy).
  4. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünär: elektrik üpjünçiligi).
  5. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş (hünär: tehnosfera howpsuzlygy).
  6. Informatika we hasaplaýyş  tehnikasy  (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
  7. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we dolandyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; logistika).
  8. Ýerüsti ulagyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: awtomobiller we awtomobil hojalygy; awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak; demir ýollaryň hereket edýän düzümi; demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak; portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş­düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy; ýe­ rüsti ulag­tehnologiki serişdeleri).
  9. Aeronawigasiýa we awiasion hem-de raketa- kosmiki tehnikalaryny ulanmak (hünärler: howa he­ reketiniň dolandyrylyşy; uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriň tehniki ulanylyşy; howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak; howa ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak).
  10. Gämi gurluşygynyň we suw ulagynyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünärler: gämi sürmeklik; gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy; gämi gurluşygy).

Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Taýýarlygyň “Aeronawigasiýa we awiasion hem­de raketa­kosmiki tehnikalary ulanmak” ugruna okuwa girýänler uçujy-dispetçer we inžener-tehnik wezipelerinde işleýänler üçin niýetlenen Gollanmanyň düzgünlerine laýyklykda lukmançylyk barlagyndan geçýärler.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadat- namasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakda- ky möhletlerde geçirilýär:

Mary welaýaty — iýul aýynyň 28-29-y, 30-y we 31-i günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünär: landşaft dizaýny — surat we grafika, mate- matika, Türkmenistanyň taryhy;

beýleki hünärler: matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgün- lere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Inžener­tehniki we

ulag kommunikasiýalary institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesi, 51, tel.: 33­52­33, 39­26­47, 39­26­48.