Mugt şahadatnamaly kurslar

55
thumbnail

Okuwdan daşary çäreleri görkezmek we gözýetimleriňizi giňeltmek möhümdir, şonuň üçin mugt şahadatnamalary berýän ýokary hilli kurslary paýlaşýarys!

 

University of Leeds tarapyndan hünär kursy

Kursyň dowamynda karýerany ösdürmek, başarnykly meýilnamalaşdyrmak we karýeranyň maksatlaryna ýetmek üçin zerur başarnyklar barada doly bilim alarsyňyz.

Kursy geçmek üçin: https://www.futurelearn.com/courses/essential-skills-for-your-career-development

 

Google Digital Garage tarapyndan öndürijilik barada kurs

Delegasiýa we ileri tutulýan zatlar hakda hemme zady öwrenersiňiz. Kursyň dowamynda öndürijilikli galmak we energiýaňyzy saklamak barada maslahatlar alarsyňyz.

Kursy geçmek üçin: https://learndigital.withgoogle.com/digitalgarage/course/increase-productivity

 

Macquarie University tarapyndan IELTS Speaking boýunça kurs

IELTS synagyndan ýokary bal almak üçin okuw usullardan we strategiýalardan ybarat bolýan IELTS Speaking kursy.

Kursy geçmek üçin: https://www.futurelearn.com/courses/improve-ielts-speaking