Ösýän ýurtlaryň raýatlary üçin doly DAAD talyp haky (Magistr derejesi, doktorlyk derejesi)

Möhleti
29.10.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Döwlet dolandyryşy we jemgyýetçilik syýasaty boýunça magistr programmalary – DAAD Helmut-Schmidt-Programme Masters Scholarships for Public Policy and Good Governance ösýän ýurtlardan gelen talyplara watanlarynyň jemgyýetçilik, syýasy, ykdysady ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşykly dersler boýunça magistr ýa-da doktorlyk derejelerini almagy teklip edýär. Talyplar Germaniýanyň uniwersitetleriniň birinde okarlar. Okuw nemes ýa-da iňlis dilinde geçýär.

Bu maksatnama kim gatnaşyp biler?

  • Talyp hakyna arzany tabşyrmazdan ozal bakalawr derejesini alan ýokary hünärli uçurymlar bolmaly.
  • Sungat we arhitektura dalaşgärleri üçin DAAD tematiki talyp haky maksatnamalaryny hödürleýär: aýdym-saz, şekillendiriş sungaty / dizaýn / kino, ýerine ýetiriş sungaty, binagärlik.

Maliýe serişdesi Germaniýanyň döwlet uniwersitetinde doktorlyk ýa-da magistr talyplary üçin berilýär.

Maliýeleşdirmegiň möhleti:

  • Okuwyň dowamlylygyna baglylykda 10 aýdan 24 aýa çenli maliýeleşdirme hödürlenýär.
  • Okuw 2 ýyl dowam etse, birinji kursy üstünlikli gutarandan soň maliýeleşdirilýär.

Gerekli resminamalar:

Şahadatnamalar, resminamalar we resminamalaryň terjimeleri skanirlenip, DAAD portalyna ýüklenip bilner. DAAD resminamalaryň tassyklanan nusgalaryny talap edip biler.

  • Arza;
  • CV (iň köp 3 sahypadan ybarat bolmaly);
  • Zerur bolsa, doktorlyk derejesiniň talyplary üçin neşirleriň sanawy (iň köp 10 sahypadan ybarat bolmaly);
  • Germaniýa uniwersitetiniň ylmy ýolbaşçysynyň tassyklamasy;
  • Meýilleşdirilen gözleg işleriniň tertibi (doktorantura üçin);
  • Germaniýada meýilleşdirilýän taslamanyň akademiki we şahsy sebäpleriniň beýany (1-3 sahypadan ybarat bolýan höweslendiriş haty). Şeýle hem, talyp haky dalaşgärleri üçin maglumatlary okamak zerur / B bölüm, 1-nji punkt.
  • Okuw maksatnamasy üçin kabul ediş haty.

Talaplar:

  • Diplom almak üçin arzaňyzy tabşyran wagtyňyz 6 ýyldan köp bolmaly däldir. Talyp haky dalaşgärler üçin maglumatlary okaň / A bölüm, 2-nji punkt.
  • Arza beren wagtyňyzda Germaniýada 15 aýdan gowrak ýaşan bolsaňyz arza kabul edilip bilinmez.
  • Germaniýanyň uniwersitetinden kabul ediş barada hat. Arzaňyzy wagtynda tabşyrmak siziň jogapkärçiligiňizdir. Arza beren wagtyňyz kabul ediş haty ýok bolsa, okuw başlamazdan ozal iberilmelidir. DAAD talyp hakyny alandygyňyzy tassyklaýan hat diňe uniwersiteta giren bolsaňyz güýje girer.
  • Bu maksatnama birnäçe aý dowam eden daşary ýurtda okuw ýa-da tejribe döwründen ybarat bolsa, şu döwriň maliýeleşdirmegi aşakdaky şertlerde mümkindir:

Daşary ýurtdaky okuw talyp hakynyň maksadyna ýetmek üçin zerurdyr. Ony öz ýurduňyzda geçip bilmersiňiz we talyp haky möhletiniň dörtden biriniň döwründen uzyn bolmaly däldir. Bellenilen möhletden uzak bolsa hiç hili maliýeleşdirme alyp bilmersiňiz.

Dil başarnyklary:

Okuw dili adatça nemes dilinde geçýändir we halkara programmalarda iňlis we nemes dillerinden birini saýlap bilersiňiz.

Arzany tabşyranyňyzda, dil şahadatnamasyny tabşyrmaly (okuw dili nemes dilinde bolsa – DSH ýa-da TestDaF, okuw dili iňlis dilinde bolsa – TOEFL ýa-da IELTS). Muňa degişli maglumat almak üçin uniwersitet bilen habarlaşmaly bolarsyňyz.

Mundan başga-da, talyp haky arzaňyzda saýlan diliň derejesini bellemek talap edilýär.

Tabşyryş möhleti:

Magistratura üçin: 10/29/2021

Doktorlyk okuwlary üçin: 15/11/2021

Arza tabşyryş ýeri:

Germaniýanyň ilçihanasy

Medeniýet bölümi

“Ak Altyn” myhmanhanasy

744000 Aşgabat

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www2.daad.de/deutschland/stipendium/datenbank/en/21148-scholarship-database/?status=3&origin=78&subjectGrps=&daad=1&intention=&q=&page=1&detail=50026200

Doktorlyk derejesi üçin has giňişleýin maglumat: https://www2.daad.de/deutschland/stipendium/datenbank/en/21148-scholarship-database/?status=3&origin=78&subjectGrps=&daad=1&intention=&q=&page=1&detail=57135739