Ýaponiýadaky magistratura we aspirantura derejeleri üçin talyp haky.

Japan
Möhleti
30.10.2021
Dereje
Doktor
Arza göýbermek

Bu talyp haky magistr we aspirantura derejelerinde okaýan ýa-da okamagy meýilleşdirýän daşary ýurtly talyplar üçin elýeterlidir.

Ýaponiýada magistr ýa-da aspirantura derejelerine kabul edilen islendik adam arzasyny tabşyryp biler.

Ähli milletlerden gelen adamlar we dürli gözleg ugurlary kabul edilýär.

Dalaşgärler uniwersitet tarapyndan deslapky saýlamazdan göni gazna ýüz tutup bilerler.

Arza bermek prosesi:

  1. Arza tabşyrmak üçin hukugyňyzy tassyklaň.
  2. “Arza tabşyryş ulgamyna” giriň: https://entry.hisf.or.jp/. Arzany dolduryň we zerur resminamalary ýükläň.
  3. Resminamalary tabşyrandan soň, arza belgisini alarsyňyz we arzanyň PDF görnüşinde faýl dörediler. Netijeleri barlamak üçin PDF faýly ýüklemeli.

Talaplar:

  1. Dalaşgärler Ýaponiýanyň raýatlary bolmaly däl.
  2. Uniwersitete giriş 2021-nji ýylyň güýzünden başlamaly. Bu talyp haky eýýäm okuwa giren we okuwa girmäge meýilleşdirýän dalaşgärler arzalaryny tabşyryp bilerler. 2022-nji ýylyň ýaz aýynda okuwa girmek isleseňiz, 2022-nji ýylyň maksatnamasyna arzaňyzy tabşyrmalysyňyz (arzalar 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy oktýabryna çenli dowam eder).
  3. Professional aspirantura girýän talyplar bu talyp hakyna gatnaşyp bilmeýärler. Emma, okuw meýilnamasyny tabşyryp biljek talyplar arzalaryny tabşyryp bilerler.
  4. Okuwy gutarmazdan ozal talyp hakyna tabşyrmagyň dowamlylygy 12 aýdan uzyn bolmaly.
  5. Ýaş çäkler: PhD-de üçin – 35 ýaş, magistr derejesi üçin – 30 ýaş.
  6. Halkara hyzmatdaşlyk we hoşniýetlilik barada doly bilim bolmaly, okuw çärelerine gatnaşmaly we uçurym hökmünde tora gatnaşmaly.
  7. Ýapon dilinde gündelik söhbetdeşlik geçirmek ukyby bolmaly. Söhbetdeşlikler diňe ýapon dilinde geçiriler.

Talyp hakynyň dowamlylygy we mukdary:

Talyp haky her aýyň dowamynda beriler.

Talyp hakynyň mukdary aşakda görkezilen döwre baglydyr:

1 – 2 ýyllyk okuw üçin aýda 200000 ýen

3 ýyllyk okuw üçin aýda 180 000 ýen

4 – 5 ýyllyk okuw üçin aýda 150 000 ýen

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň sentýabr – oktýabr aýlary

* Takyk seneleri web sahypasynda yglan ediler

Arza tabşyryş boýunça gollanma: https://www.hisf.or.jp/wp/wp-content/uploads/2021/02/2021_Fall_bosyuyoukou_foreigner-1.pdf

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.hisf.or.jp/en/scholarship/foreigner/