Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti 2021/2022 hünärmen maksatnamasy we bakalawr maksatnamasy

Başlaýan wagty
  1. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
  2. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
  3. Fizika we (hünärler: fizika; astronomiya; radiofizika we elektronika).
  4. Informatika we tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
  5. Biologiya ylymlary (hünär: biologiýa).
  6. Himiya (hünär: himiýa)
  7. Yeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
  8. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
  9. Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).
  10. Filosofiýa, etika we din öwreniş (hünär: filosofiýa).
  11. Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
  12. Syýasat ylymlary we sebit öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; gündogary öwreniş).
  13. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; inlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýati; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; dili we edebiýaty).
  14. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: żurnalistika).
  15. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

 

  1. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
  2. Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika)
  3. Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
  4. Informatika we hasaplayyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
  5. Biologiýa ylymlary (hünär: biologiya).
  6. Himiýa (hünär: himiýa).
  7. Ýeri öwreniş ylymlary (hünär: geografiýa).
  8. Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
  9. Taryh we arheologiýa (hünär: taryh).
  10. Dil bilimi we edebiýaty öwrenmek (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; inlis dili we edebiýaty, rus dili we edebiýaty).
  11. Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).

 

III Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Bilim we pedagogika ylymlary (tayyarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiyalary).

Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes balmadyk bilimi bolan, 35-den geçmedik giriş netijeleri esasynda kabul edilyär.

Resmi iş kagyzlary merkezlerinde we Aşgabat 2021-nji 12 – 25-nji aralygynda Kabul edilyär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3×4 sm sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zahmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri mekdep döwlet ýeñijileri, halkara gatnaşan Türkmen agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmeküçin artykmaç  hukukdan  peýdalanýandygyny  tassyklaýan  beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 16-17-si, 18-i we 19-y günleri;

Lebap welaýaty — awgust aýynyň 21-i, 22-si we 23-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler we taýýarlygyň ugurlary: matematika; amaly matematika we informatika; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; pedagogika bilimi (matematika we  informatika); pedagogika bilimi informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: fizika; astronomiýa; radio fizika we elektronika — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: biologiýa — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: himiýa — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: geografiýa; ekologiýa — geografiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: kartografiýa; meteorologiýa — geografiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: psihologiýa — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: taryh; arheologiýa; gündogary öwreniş; syýasaty öwreniş; filosofiýa; ylahyýet — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: türkmen dili we edebiýaty; žurnalistika — türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;

hünärler: iňlis dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty — saýlap alan hünär dili boýunça ýa-da iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: italýan dili we edebiýaty — iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: rus dili we edebiýaty — rus dili, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

hünär: hukuk öwreniş — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilme dikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

—  mugallymçylyk mekdebini tamamlan we mugallymçylyk ugrundan 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar (mugallymçylyk ugurly hünärlere girilen halatynda);

hukuk öwreniş hünärine girýänler üçin hukuk goraýjy edaralarda 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi hem-de şol edaralaryň döwlet we welaýat derejesindäkilerinden hödürnamasy bolanlar;

— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Magtymgulyadyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.

tel.: 94­69­90, 94­54­29.