Prep4Success maksatnamasy güýzki okuwlaryna resminamalary kabul edýär

English
Möhleti
16.08.2021
Arza göýbermek

Türkmenistanda ýerleşyän Amerikan Geňeşleri höwesjen we ýaş Türkmenistan raýatlary üçin ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek üçin zerur bilim we ukyplary bilen üpjün edýär we gatnaşyjylaryn bäsleşik ukuplaryny kämilleşdirýär. Maksatnamanyň gatnaşyjylary TOEFL we SAT testlerine, Akademiki ýazuw we okuw sapaklaryna üns berip, ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlaryna üstünlikli girmek üçin zerur bolan ukyplara eýe bolýarlar.

  • 18 hepdelik intensiw taýýarlyk kursy (hepdede 4 gün).
  • 2021-nji ýylyň güýz paslynda onlaýn kurslar geçiriler.
  • Internete giriş bolmaly. Wezipeler e-poçta we sosial media arkaly iberiler.

Bu kurslar TOEFL, SAT üçin intensiw taýýarlyk, akademiki okuw we ýazuw endiklerine üns berip, ABŞ-nyň kollejine ýa-da uniwersitetine girmek üçin maglumatlardan ybarat bolýar.

Gatnaşmak isleýänler üçin talaplar / kriteriýalar:

1) orta mekdebiň uçurymlary;

2) bakalawr derejesini almadyklar;

3) Türkmenistanda ýa-da başga bir ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmedik. (Gatnaşýanlar hünärment mekdepleriniň talyplary bolup bilerler);

4) iňlis diliniň orta / ösen derejesi;

5) ABŞ-daky kollejlerde we ýokary okuw jaýlarynda akademiki üstünlik gazanmak höwesi;

6) 18 hepdelik intensiw taýýarlyk kursyny geçmek mümkinçilik;

7) synaglara taýyn bolmak!

Gerekli resminamalar:

  • “Prep4Success” maksatnamasyna gatnaşmak üçin arza;
  • orta mekdebiň akademiki görkezijileri;
  • Iňlis dilinde bir maslahat haty;
  • rezýume;
  • içerki pasportyň göçürmesi.

Hemme resminamalar 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 16-na (sagat 17:30) çenli diňe e-mail arkaly tabşyrylmaly: associatep4s@americancouncilstm.org

Goşmaça maglumaty +99365 27 73 08 telefon nomery boýunça alyp bilersiňiz.

Synaga diňe arzany dolduran dalaşgärler çagyrylar.

2021-nji ýyly üçin Prep4Success arzasy: http://americancouncilstm.org/wp-content/uploads/2021/07/Prep4Success-application_Fall-2021.pdf

IMO Messenger:

– Mary AG (+993 61277496)

– Daşoguz AG (+993 63903729)

– Türkmenabat AG (+993 63968579)

Ýüz tutmak üçin sonky gün 16– njy awgust 2021 ý.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://americancouncilstm.org/news/prep4success-program-accepting-applications-for-fall-2021-session/?lang=ru