Şweýsariýada Senior Applied Fellowship 2021-2022 maksatnamasy

Möhleti
01.09.2021
Arza göýbermek

Senior Applied Fellowship maksatnamasy – uniwersitet ýa-da ýokary tehniki institutlaryň uçurymlary üçin amaly ylymlar, hasaplaýyş we inženerlik ugurlarynda ýokary derejelere ýetmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Kabul edýän gurama: CERN (Ýadro gözlegleri boýunça Ýewropa Geňeşi)

Tejribäniň dowamlylygy: 6 aýdan 36 aýa çenli.

CERN Fellowship maliýe goldawy:

-7201-8178-e çenli Şweýsariýa franky mukdarynda aýlyk stipendiýa.

– CERN Pensiýa gaznasyna agzalyk üpjün ediler.

– Ýanýoldaşlary ýa-da çagalary üçin saglyk ätiýaçlandyryşy.

– Göçmek üçin kömek puly.

-Maşgala we çagalar üçin gollanma puly.

– Ýol çykdajylaryň ödenmesi.

– Aýlyk dynç alyş.

– Zähmet şertnamasy 6 aýdan 36 aýa çenli gol çekilýär.

Kriteriýalar:

-CERN ýa-da baglanyşykly agza döwletleriň milli agzasy bolmaly.

– CERN döwletleriň sanawyna girmeýän ýurtlardan bolan dalaşgärlere çäklendirilen wezipeler berler.

– Doktorlyk derejesi bolmaly. Dalaşgäriň magistr derejesi bar bolsa azyndan 4 ýyl iş tejribesi bolmaly.

– Magistr derejesini alandan soň 10 ýyldan köp iş tejribesi bolmaly däl.

– CERN işgärleri bu maksatnama gatnaşyp bilmeýärler.

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-i

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.smartrecruiters.com/CERN/743999740814434-senior-applied-fellowship-programme