ARCADA Amaly Ylymlar Unwersiteti

Möhleti
05.08.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Web-sahypa: https://www.arcada.fi/en/study-arcada/masters-degree-programmes

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly, sagat 9-dan 2021-nji ýylyň 5-nji awgustyna (15:00) çenli, Finlýandiýa wagty bilen.

Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky güni 2021-nji ýylyň 10-njy awgusty.

Giriş netijeleri 2021-nji ýylyň 19-njy awgustyna çenli belli bolar .

Okuw awgustyň ahyrynda/ sentýabr aýynda başlar.

Kriteriýalar:

  • Doly ýa-da doly däl okuw;
  • Arzany dolduryň.
  1. Dereje programmaňyzy saýlaň
  2. Haýsy programma arzany tabşyrmak isleýändigiňizi öňden bilýän bolsaňyz, baglanyşyklary ulanyp bilersiňiz (diňe arzany tabşyran wagtyňyz işleýär):

Maglumatlaryň seljerişi – doly okuw

Halkara işewürligi dolandyrmak – doly okuw

Halkara işewürligi dolandyrmak – doly däl okuw

Mediýa dolandyryşy – doly okuw

Leadership for Nordic Health Care – onlaýn, doly okuw

Leadership for Nordic Health Care – onlaýn, doly däl okuw

  • ‘Fill in application’ düwmesine basyp, arzany açyň.
  • Bilim derejäňizi belläň.
  • “Submit” düwmesine basyň.

Arzany tabşyrmak ýatdan çykarmaň. Arza belgiňiz bilen e-mailda tassyklama alarsyňyz. Arza belgisini bellik ediň we Arcada Admissions Services bilen ähli aragatnaşyklarda ulanyň.

Gerekli resminamalar:

  1. Asyl dilde bakalawr derejesiniň göçürmesi.
  2. Asyl dilde akademiki görkezijiler barada maglumatlar.
  3. Iňlis, fin ýa-da şwed dillerinde berilmedik bolsa, bakalawr derejesiniň resmi terjimeleri.
  4. Degişli zähmet şahadatnamalarynyň göçürmeleri.
  5. Okuw töleginden boşadýan ýaşaýyş rugsady ýa-da pasport.

Programma baglylykda GMAT ýa-da GRE synag netijeleri, höweslendiriş haty we wideo.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.studyinfinland.fi/scholarships/bachelors-and-masters-scholarships