WSA ýaş innowatorlar baýragy 2021

Möhleti
31.08.2021
Arza göýbermek

WSA Ýaş innowatorlar baýragy – 26 ýaşa ýetmedik sosial telekeçiler üçin BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin çäre görmäge niýetlenen mümkinçilikdir.

2020-nji ýylda Ýewropa ýaşlar baýragy (EYA) WSA-nyň bir bölegine öwrüldi. WSA bilen birleşmegiň maksady, dünýädäki ýaş telekeçiler üçin durnukly sosial täsir, goldaw we kuwwat bermekdir.

Kriteriýalar:

– Bu maksatnama telekeçiler, kompaniýalar, talyp toparlary üçin açykdyr. Toparyň agzalarynyň azyndan biri 26 ýaşa ýetmedik bolmaly.

– Startup we işewürlik pikirleri dürli bolup biler we indikilerden ybarat bolmaly: Jübi we web taslamalary (programmalar), web sahypalary, enjam programmalary, oýunlar we interaktiw önümler.

– Taslamalaryň işleýän platformalary ýa-da kanallary boýunça hiç hili çäklendirmeler ýok.

– Dalaşgärler BMG-a agza ýurtlardan arzalaryny tabşyryp bilerler.

Artykmaçlyklary:

– Dünýädäki iň oňat sanly sosial öndürijilik çözgütleriniň biri hökmünde ykrar edilmek.

– 2022-nji ýylyň WSA Global Kongresine çakylyk.

– Emin agzalaryna prezentasiýany geçirmek mümkinçiligi.

– 182-den gowrak ýurtdan gelýän adamlardan ybarat bolýan WSA jemgyýetine goşulmak üçin çakylyk.

– WSA web sahypasynda we sosial ulgamlarda taslama hasabyny ösdzrmek mümkinçiligi.

Arza tabşyryş prosesi:

  • Giriş üçin taslamaňyz barada doly maglumat.
  • Arza iňlis dilinde doldurylmaly: https://db.icnm.net/Signup/WSA%20Young%20Innovators/2021/
  • URL we e-mail salgyny goýberiň.
  • Dogry maglumat berýändigiňize göz ýetiriň.
  • Ilki bilen arzany doldurmak, soňra bolsa maglumat bazasyna ýüklemek maslahat berilýär.
  • Arzanyň ähli öýjüklerini doldurmak maslahat berilýär.
  • Doldurmazdan ozal düzgünleri we görkezmeleri üns bilen okaň.
  • Taslamaňyzy tabşyrmak üçin WSA şertlerine razy bolmaly.

Arza görkezmeleri:

https://wsa-global.org/wp-content/uploads/2021/04/WSA-Young-Innovators-MANUAL-2021.pdf

Tabşyryň möhleti: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 31-i.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://wsa-global.org/wsa-young-innovators/