Wellcome 2021 talyp haky maksatnamasy

Möhleti
24.08.2021
Dereje
Magistr
Arza göýbermek

Wellcome talyp haky maksatnamasy Angliýada magistratura derejesi we gözleg geçirmek üçin doly maliýeleşdirilen mümkinçilikdir. Maksatnama syýasy we maliýe taýdan garaşsyz fond tarapyndan maliýeleşdirilýändir.

Bu talyp haky Hytaýdan we Hindistandan başga pes ýa-da orta girdejili ýurtlaryň raýatlaryna berler. Dalaşgärlere dürli ugurlar we hünärler hödürlenýär. Dalaşgärler çykdajylaryň köpüsiniň gözleg teklibi bilen tölenjekdigini üns bermelidirler.

Maksatnamanyň dowamlylygy 30 aý. Ilkinji 12 aý magistr okuwyna, galan 18 aý gözleglere bagyşlanar. Gözleglere gatnaşmak üçin kliniki, esasy we jemgyýetçilik saglygy ugurlar boýunça giren talyplar gözleglere gatnaşyp bilerler.

Kriteriýalar:

  • Dalaşgärler çäkli gözleg tejribesi bolan hünärleriniň başynda bolmaly.
  • Saglygyň ileri tutulýan ugurlaryna gönükdirilen gözlegleri teklip etmeli.
  • Dalaşgärler degişli ugur boýunça bakalawr derejesini almaly.
  • Dalaşgärler kabul ediji guramadan hemaýatkärlik almaly.

Gözleg teklibiňiz ylmy başarnyklaryň esasynda bolmaly we indiki ýurtlarda saglygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi jemlemeli: https://wellcome.org/grant-funding/guidance/low-and-middle-income-countries

Arza seredilende aşakdakylara üns beriler:

  • gözleg soraglarynyň hili we ähmiýeti
  • bu meseleleri çözmäge çemeleşmegiň ýerlikliligi
  • saýlan gözleg gurşawyňyza laýyklyk
  • okadylýan magistr kursynyň (MSc) laýyklygy.

Artykmaçlyklary:

  • Aýlyk stipendiýa;
  • Ýol çykdajylaryň ödenmesi;
  • Mugt bilim;
  • Gözleg çykdajylarynyň ödenmesi.

Arzany nädip tabşyrmaly:

Arza “Wellcome Trust Grant Tracker” (WTGT) arkaly berilmelidir: https://wtgrants.wellcome.org/Login.aspx?ReturnUrl=/

Tabşyryş möhleti: 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 24-i.

Has giňişleýin maglumat üçin: https://wellcome.org/grant-funding/schemes/international-masters-fellowships