Alberta uniwersitetiniň talyp haky, Kanada. (Bachelor/Masters/PhD)

Möhleti
Dereje
Bakalawr
Arza göýbermek

Alberta uniwersiteti saglyk, emeli intellekt, energiýa, oba hojalygy, AgTech, kwant, nanotehnologiýa, arassa energiýa, daşky gurşaw, tebigy baýlyklar, howanyň üýtgemegi we akylly tehnologiýa ýaly köp ugurda öňdebaryjy uniwersitetleriň biridir.

Talyp haky görnükli dalaşgärlere berilýär we Kanada hökümeti, Alberta hökümeti we uniwersitet hemaýatkärleri ýaly dürli çeşmelerden maliýeleşdirilýär. Talyp haklaryň köpüsi aýratyn arza tabşyryşy talap etmeýär.

Talaplar:

  • Islendik milletden gelen dalaşgärler arzalaryny tabşyryp bilerler.
  • Bakalawr derejesine okuwa girmek üçin orta bilim şahadatnamasy.
  • Magistr derejesine okuwa girmek üçin bakalawr derejesiniň diplomy
  • Doktorlyk derejesine girmek üçin magistr derejesiniň diplomy bolmaly.

Talyp hakynyň dowamlylygy we mukdary:

Talyp haklarynyň birnäçe maliýe çeşmesi bar. Olar barada doly maglumat aşakda berilýär:

  • Giriş talyp haky:

Bakalawr we magistratura derejeleri üçin elýeterli. Bu talyp haky üçin aýratyn arza tabşyrmagyň zerurlygy ýok, sebäbi talyp haky üçin awtomatiki hasaplanarsyňyz.

  • Daşary ýurtly talyplar üçin talyp haklary:

Okuwyň birinji ýylynda talyp wizasy bilen okaýan talyplary üçin niýetlenendir. Talyp hakynyň mukdary dört ýylyň dowamynda tölenýän 9000 dollara çenli bolup biler.

  • Gold Standard talyp haky:

Iň gowy akademiki üstünlik gazanan talyplaryň 5% -i 6000 $ -a çenli talyp hakyny alyp bilerler.

  • Doctoral Recruitment talyp haky:

Doktor alymalry niýetlenendir. Talyplar ýyllyk 5000 $ mukdaryndan ybarat bolýan okuwda okamalydyrlar.

  • Magistr derejesi üçin talyp haky:

Magistraturanyň talyplary 17,500 dollar mukdarynda talyp hakyny alarlar, daşary ýurtly dalaşgärler goşmaça 10 000 dollar talyp hakyny alarlar.

  • Uçurymalr üçin talyp haky (AGES):

Magist we doctor derejeleriň talyplaryň çykdajylaryny ödemek üçin 15 000 dollar baýrak alyp bilerler.

Ugurlaryň sanawy:

  • Şepagat uýasy
  • Derman ylymlary
  • Lukmançylyk we stomatologiýa
  • Ylym
  • Inženerlik
  • Hukuk
  • Jemgyýetçilik ylymlary
  • Işewürlik mekdebi
  • Şekillendiriş sungaty we ynsanperwer ylymlar
  • Bilim
  • Ýerli halklaryň gözlegleri
  • Saglygy goraýyş
  • Oba hojalygy we daşky gurşaw ylymlary
  • Reabilitasiýa lukmançylygy
  • Ylym

Onlaýn arza: https://www.ualberta.ca/admissions/international/admission/index.html

Tabşyryş möhletleri:

  • 1-nji iýul – sentýabr aýynda okuwa girmek üçin(her ýyl)
  • 1-nji noýabr – ýanwar aýynda okuwa girmek üçin (her ýyl)
  • 1-nji mart – maý aýynda okuwa girmek üçin (her ýyl)
  • 1-nji maý – iýul aýynda okuwa girmek üçin (her ýyl)

Bakalawr derejesiniň talyp haklary barada has giňişleýin maglumat üçin:

https://www.ualberta.ca/admissions/international/tuition-and-scholarships/scholarships-and-awards/index.html

Magistr derejesiniň talyp haklary barada has giňişleýin maglumat üçin:

https://www.ualberta.ca/graduate-studies/awards-and-funding/scholarships/index.html